TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde täze ýüze çykarylan arheologik tapyndylary tabşyrmak dabarasy we «Bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyzy muzeýleşdirmegiň tejribesi» atly maslahat geçirildi

Türkmen topragynda saklanyp galan arheologik we binagärlik ýadygärlikleri biziň döwürdeşlerimize we nesillerimize entek köp zatlary gürrüň bermäge ukyplydyr. Şol ýadygärlikleriň köpüsi Beýik Ýüpek ýolunyň söwda ýollarynyň ugrunda gaýnap joşan durmuşyň şaýatlary bolupdyr.

Milli Liderimiz taryh ylmyny mundan beýläk-de ösdürmek we medeniýet ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de geçmişiň ýadygärliklerini goramak boýunça birnäçe möhüm işleri amala aşyrdy. Munuň özi medeni mirasy öwrenmek we aýawly saklamak işine hem-de bu pudagyň hünärmenleriniň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmegine kuwwatly itergi berdi.

Aşgabadyň demirgazyk-günbatar böleginde gurulýan ýaşaýyş toplumynyň çäginde, ýerasty kommunikasiýalar çekilen mahalynda, gurluşykçylar tarapyndan gadymy oturymly ýeriň yzlaryny ýüze çykaryldy. 2 metrden gowrak çuňlukda ekskawatoryň susagy tötänden ägirt uly keramiki gaba degdi. Ol beýikligi 1 metre golaý bolan, içine däne ýa-da suwuklyk saklamak üçin niýetlenen parfiýa humlary bolup çykdy. Şol tapylan humlary Türkmenistanyň Döwlet muzeýine tabşyrmak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan täze ýüze çykarylan arheologik tapyndylar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrmak dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň belli taryhçylary we sanly wideoaragatnaşyk arkaly welaýat muzeýleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň baş hünärmeni, taryh ylymlarynyň kandidaty Akmyrat Babaýew. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň bölüm müdiri Meret Çaryýew. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň «Nusaý» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň direktory Gaýgysyzçary Dolyýew. Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Töre Nobatow (welaýat muzeýinden göni ýaýlymdaky çykyşy görkezilýär). Ahal welaýatynyň «Gökdepe» milli muzeýiniň direktory Merdan Hydyrow (muzeýden göni ýaýlymdaky çykyşy görkezilýär). Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Azatgül Hojaberdiýewa (welaýat muzeýinden göni ýaýlymdaky çykyşy görkezilýär). Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow (welaýat muzeýinden göni ýaýlymdaky çykyşy görkezilýär). Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Gülbahar Ýangybaýewa (welaýat muzeýinden göni ýaýlymdaky çykyşy görkezilýär). Döwlet muzeýiniň direktory, Türkmenistanyň halk suratkeşi, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow.

Soňra dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň Taryh zallaryna aýlanyp gördiler.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň mejlisler jaýynda «Bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyzy muzeýleşdirmegiň tejribesi» atly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşdylar: Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty Mämmеdow Muhammetdurdy. Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň «Abiwerd» taryhy we medeni döwlet goraghanasynyň direktory Halmyradow Ahmet. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Kakalyýew Şöhrat. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Muzeý işi kafedrasynyň müdiri, uly mugallymy Hojagulyýewa Maral. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmeni Amanow Maksat. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Baýramow Kakajan. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy Röwşen Gapbargulyýew.