Primary tabs
Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde ýaş neslimiziň ekologiýa medeniýetini artdyrmak maksady bilen 2020-nji ýylyň maý aýynda talyplaryň arasynda ekologiýa boýunça bäsleşik geçirdi.
Bu bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa we geografiýa fakultetleriniň 1-nji ýyl talyplary, Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň we Indira Gandi adyndaky Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşige jemi 263 talyp gatnaşdy.
2020-nji ýylyň 29-njy maýynda bäsleşigiň jemi jemlendi we ýeňijilere Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan professor Eldar Rustamowyň redaksiýasy bilen çap edilen “Türkmenistanyň guşlary” atly kitap we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyplary (88 talyp) gatnaşdy. Olaryň arasynda ýeňijiler: Derkar Paýtakow, Merjen Nurmuhammedowa (1-nji ýer), Madina Araşowa, Hemra Kakajanow, Annagül Täçmedowa (2-nji ýer), Güljemal Işangulyýewa, Bägül Akmeredowa, Gülnar Bakyýewa, Aýjeren Atanepesowa we Şirin Ataýewa (3-nji ýer). Şol uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyplarynyň 63 sanysy gatnaşdy. Olaryň arasynda ýeňijiler: Gurban Mamedow, Amantäç Durdygylyjowa (1-nji ýer), Bezirgen Jepbarow, Hojaberdi Abdyýew, Galendar Örmyradow, Mähriban Saparowa (2-nji ýer), Äşe Durdyýewa, Bahargül Orazkuliýewa, Jennet Şanazarowa, Aýtäç Rejepowa, Şasoltan Abdullaýewa, Şatlyk Gurbanow, Nurgül Elýasowa, Mähri Durdyýewa, Oguljemal Gazakbaýewa we Jemal Akmuhammedowa (3-nji ýer).
Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinden 23 talyp gatnaşdy. Olaryň arasynda ýeňijiler: Nurmuhammet Gutyýew, Orazgeldi Hajymuhammedow, Şatlyk Atamyradow (1-nji ýer), Täzegül Mahtumowa, Aşyrgül Döwletgeldiýewa, Orazgeldi Gummanow, Aýlar Baýramdurdyýewa (2-nji ýer) we Baýramow Öwezmyrat (3-nji ýer).
Aşgabat şäherindäki Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinden 84 talyp gatnaşdy.
Olaryň arasynda ýeňijiler: Aýnur Merdanowa, Aknur Merdanowa we Gülsoltan Kakabaýewa (1-nji ýer), Ogulgurban Agamuradowa (2-nji ýer), Ogulbäbek Aýmyradowa we Ogulbossan Öwezowa.
Daşky gurşawyň Bütindünýä güni bilen hem-de bäsleşigiň ýeňijilerini gutlamak üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň wagyz-ündew işleri boýunça hünärmeni Gülnar Çaryýarowa, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň tebigat gözegçisi Hoşgeldi Öwezow, Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, geografiýa ylymlarynyň kandidaty Orazdurdy Saparow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň mugallymy Rahym Saparmyradow we geografiýa fakultetiniň ekologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Nurberdi Nurberdiýew hem-de Aşgabat şäherindäki Indira Gandi adyndaky Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Bahargül Kakabaýewa çykyş etdiler.
Sowgatlary Döwlet muzeýiniň direktory Öwezmuhammet Mämmetnurow we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň wagyz-ündew işleri boýunça hünärmeni Gülnar Çaryýarowa gowşurdylar.