2020-nji ýylyň maý aýynyň 29-na Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet bedenterbiýe we sport institutynda “Milli mirasyň nusgasy” atly göçme sergi gurnaldy

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan ýaşlary türkmen halkynyň baý milli mirasy bilen ýakyndan tanyşdyryp, ony wagyz etmek boýunça ýurdymyzyň birnäçe çagalar baglarynda, orta mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda göçme sergiler gurnalýar.

Ine 2020-nji ýylyň maý aýynyň 29-na Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň ylmy işgärleri hem-de Türkmenistanyň Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň zenanlar birleşmesi tarapyndan talyp gelin-gyzlaryň arasynda geçirilen üme görnüşli çäre uly şatlyk-şowhuna beslendi. “Milli mirasyň nusgasy” ady bilen gurnalan sergide we ol ýerde geçirilen üme görnüşli çärede milli gymmatlyklarymyzyň ajaýyplygy öz beýanyny tapdy.

Serginiň barşynda Döwlet muzeýiniň maddy medeniýet gaznasynda saklanylýan gymmatlyklar, ýagny XIX-XX asyrlarda türkmen halkynyň etnografiýasyna degişli aýal-gyzlaryň el işleriniň birnäçe görnüşleri, ýagny haly önümleri: horjunlar, çuwallar, torbalar, ikselikler, ukujular, gapylyklar, egin-eşikleriň toplumy: erkek, aýal we çaga eşikleri, aýal-gyzlaryň dokmaçylykda ullanan esbaplary: ikler, ikselikler, ýüň daraklar, türkmen halkynyň ak öýüniň görnüşi sergide görkezildi.

Şeýle sergileriň geçirilip durulmagy talyp ýaşlaryň türkmen halkynyň miras galdyran we nesillerden nesillere geçip gelýän medeni, maddy, ruhy gymmatlyklary barada ýakyndan tanyşyp, olar hakynda giňişleýin goşmaça maglumat almagyna we öz bilimlerini has hem artdyrmagyna ýardam berýär.