2020-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp «Aşgabat ak şäherim - ak bagtym» atly sergi gurnaldy

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Arkadag Prezidentimiziň şähergurluşyk – binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmegi netijesinde ak şäherimiz Aşgabat «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem beýik işler bilen öz çägini barha giňeldýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp 2020-njy ýylyň 22 -nji maýynda «Aşgabat ak şäherim - ak bagtym» atly sergi gurnaldy. Sergi Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz barada aýdan parasatly sözleri bilen açylýar.

Serginiň ekspozisiýasy esasy iki sany bölümden ybarat bolup, birinji bölüminde Ýazuw çeşmeleri gaznasyna degişli Aşgabat şäheriniň öňki durky fotosuratlar arkaly görkezilýär. Şeýle-de serginiň ikinji bölüminde şäherimiziň häzirki gözel binalarynyň, seýilgähleriniň, suw çüwdürimleriniň birnäçesiniň fotosuratlaryny synlamak bolýar. Bu fotosuratlaryň arasynda Ginnessiň rekordlar kitabyna girizilen Oguz han suw çüwdürimler toplumy, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň iň uly ýapyk görnüşli aýlanýan syn ediş meýdançasy, Olimpiýa şäherçesiniň desgalary we başgalar görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren kitaplaryna, paýtagtymyzyň gözel keşbini janlandyrýan halylara, fotosuratlara, surat eserlerine, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň gaznasynda saklanylýan zergärçilik sungat eserlerine esasy orun berilýär. Gelin-gyzlarymyzyň ussatlyk bilen döreden «Garaşsyzlyk binasy», «Aşgabat binasy», «Ak şäherim Aşgabat» ýaly ajaýyp el halylary serginiň görküne görk goşýar. Şeýle-de bu ýerde şäherimiziň gözel binalarynyň, seýilgähleriniň, suw çüwdürimleriniň birnäçesiniň fotosuratlaryny synlamak bolýar. Dokumental fotosuratlaryň esasynda Aşgabat şäheriniň öňki we häzirki durkuny özara deňeşdirmek mümkin. Olary synlan mahalyň, Aşgabadyň bedew bady bilen öňe ilerleýänligine aýdyň göz ýetirýärsiň. Aşgabat bu gün Garaşsyz Watanymyzyň nury, Merkezi Aziýanyň merjen şäheri, mähir mekany hasaplanylýar.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasyna – Türkmenistanyň Arhitektorlar birleşiginiň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Halkara arhitektorlar akademiýasynyň akademigi Ata Gurbanlyýew, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, Aşgabat şäher häkimliginiň medeniýet bölüminiň işgäri, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Erkin Kösäýew, « Binagärlik we gurluşyk» žurnalynyň baş redaktory Ýazgül Ezizowa, şol žurnalyň jogapkär kätibi Ruslan Muradow, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Inžener enjamlary bölüminiň inženery Begenç Nuryýew we Aşgabat şäher häkimliginiň Ýaşulylar guramasynyň agzasy, zähmet weterany Ogulgül Annageldiýewa gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň talyplary dabaranyň hormatly myhmanlary boldular.

Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Dabara gatnaşyjylar Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp Döwlet muzeýinde gurnalan «Aşgabat ak şäherim - ak bagtym» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.