Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan ýaşlara türkmen halkynyň baý milli mirasy bilen ýakyndan tanyşdyryp, ony wagyz etmek boýunça ýurdumyzyň birnäçe çagalar baglarynda, orta mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda göçme sergiler gurnalýar.
Ine şeýle çäreleriň biri hem 2020-nji ýylyň maý aýynyň 22-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň ylmy işgärleri hem-de Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklar institutynyň zenanlar birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda talyp gelin-gyzlarynyň arasynda geçirilen üme görnüşli dabara uly şatlyk-şowhuna beslendi. «El hünäri il gezer» ady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň gurnan sergisi ol ýerde geçirilen ümede milli gymmatlyklarymyzyň ajaýyplygy bilen öz beýanyny tapdy.
Serginiň barşynda döwlet muzeýiniň «Maddy medeniýet» gaznasynda saklanylýan muzeý gymmatlyklary, ýagny XIX-XX asyrlarda türkmen halkynyň milli mirasyna degişli bolan birnäçe aýal-gyzlaryň el-işleriniň görnüşleri, ýagny haly önümleri bolan horjunlar, çuwallar, torbalar, ikselikler, uk ujylar, gapylyklar, egin-eşikleriň toplumy ýagny erkek, aýal we çaga eşikleri, aýal-gyzlaryň dokmaçylykda ullanan esbaplary ýagny ikler, ýüň daraklar, türkmen halkynyň ak öýüniň asyl görnüşi sergide görkezildi.
Şeýle sergileriň geçirilip durulmagy talyp-ýaşlaryň türkmen halkynyň miras galdyran we nesillerden-nesillere geçip gelýän medeni, maddy, ruhy gymmatlyklary barada ýakyndan tanyşyp olar hakynda giňişleýin goşmaça maglumat almagyna we öz bilimlerini milli mirasyň üsti bilen has hem artdyrmaklaryna ýardam berýär.