2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hereket edýän gurnaklaryň sapaklary geçdi

«Ýaş tebigatçy» gurnagyň okuwçylary nobatdaky sapaklarynda Tebigat muzeýindäki Köýtendagyň Garlyk gowaklaryna syýahat etdiler we gyzykly maglumatlar öwrendiler.

 Geçilen sapagy berkitmek hem-de, höweslendirmek üçin çagalar bilen sorag-jogap alyşyldy we olara testler berildi. Gurnagyň sapagyny geçiren Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ylmy işgäri Bägül Atabaýewa.

«Ýaş suratçylar» gurnagynda okuwçylar türkmen milli keçesiniň we keçe önümleriniň suratlaryny çekmegi dowam etdiler we sapagyň dowamynda ýaş suratkeşler uly höwes bilen, türkmen milli keçesine mahsus bolan, öz işlerinde açyk we yssy reňkleri ulandylar. Surat sapagyny geçiren Döwlet muzeýiniň çeper-dikeldiş we rejeleýiş işleri bölüminiň 1-nji derejeli suratkeş rejeleýjisi Maýsa Abdullaýewa.

«Ýaş taryhçy» gurnagyna gatnaşýan mekdep okuwçylaryna, 1962-nji ýylda Merwdäki buddistik ybadathanasyndan tapylan ajaýyp nagyşly küýze, küýzäniň içinden tapylan sanskrit ýazgylar we onuň daşyndaky çekilen ajaýyp sahna şekilleri barada gürrüň berildi.

Okuwçylaryň arasynda sorag-jogaply bäsleşik geçirildi. Sapagy muzeýiň Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölüminiň işgäri Näzikjemal Durdykakaýewa geçirdi.