TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝI

2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Indira Gandi adyndaky lukmançylyk mekdebiniň talyplarynyň arasynda ekologiýa boýunça bäsleşik geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölümi ýaş neslimiziň ekologiýa medeniýetini artdyrmak maksady bilen ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Daşky gurşawy goramagyň güniniň öň syrasynda biologiýa hünäri boýunça bäsleşik gurnaýar. Şu gün Aşgabat şäherindäki Indira Gandi adyndaky Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň hem-de Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryna ekologiýa boýunça testler hödürlenildi. Bäsleşigiň netijesi Ylymlar gününe bagyşlanan serginiň açylyş dabarasynda jemleniler. Tapawutlanan talyplar sylaglanýar.