Primary tabs
2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäheriniň Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 133-nji orta mekdebinde «Muzeýiň etnografiýasy we tebigat gymmatlyklarynyň sergisi» atly sergi gurnaldy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde yzygiderli göçme sergiler gurnaýarlar hem-de sapaklar geçirýärler.
2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Döwlet muzeýiniň Bitaraplyk muzeýi şahamçasynyň bölüminiň işgärleri tarapyndan Aşgabat şäheriniň Daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 133-nji orta mekdebinde «Muzeýiň etnografiýasy we tebigat gymmatlyklarynyň sergisi» atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnadylar.
Sergide Döwlet muzeýiniň maddy medeniýet gaznasynda saklanylýan birnäçe gymmatlyklar, ýagny horjunlar, çuwallar, halyçalar, milli egin – eşikler we çaga eşikleri, türkmen halkynyň geçmişde hojalygyny dolandyrmakda ulanan hojalyk esbaplary hem-de biziň ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleriniň gäpleri görkezildi. Sergide Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri ýaş nesillere türkmen halkynyň taryhy, milli däp-dessurlary, edim-gylymlary, tebigy gymmatlyklary barada muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen gyzykly gürrüňler berdiler. Ýaş nesiller hem öz gezeginde okamaga, döretmäge, türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyny, milli mirasyny, tebigatyny öwrenmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sag bolsun aýtdylar.