«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotosergisiniň we maslahatynyň bölümçesi geçirildi

 

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany» ýyly taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek biragyzdan ykrar edilen hemişelik Bitarap döwletdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň dünýä derejesinde dabaralanýan zamanasydyr.

2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny şöhratlandyrmak we raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek babatynda guwandyryjydyr.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda «Türkmenler dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir» diýip belledi. Häzirki wagtda milli mirasymyzyň, maddy gymmatlyklarymyzyň goralyp saklanylyşyna, olaryň ylmy taýdan öwrenilip, giňden wagyz edilişine berilýän üns aýratyn güýçlendirildi.

2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotosergisi we maslahaty geçirildi. Güniň ikinji ýarymynda fotosergi we maslahat bölümçeler boýunça dowam etdi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem bu maslahatyň bir bölümçesi geçirildi.

Maslahatda bölümçäniň işini alyp baryjy Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory N.Ýagşymyradow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kitaphanaçylyk fakultetiniň Kitaphana işi we bibliografiýa kafedrasynyň professory, taryh ylymlarynyň doktory Almaz Ýazberdiýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň müdiri Aýjan Kadyrowa, «Türkmenistan» gazetiniň fotohabarçysy Ýuriý Şkurin, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri Enebaý Amanberdiýewa, «Aşgabat» gazetiniň fotohabarçysy Arslan Mullikow, M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Halk saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy Çarymyrat Ahunow, «Diýar» žurnalynyň fotohabarçysy Ahmet Taňrygulyýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Döwran Moýtyýew çykyş etdiler.

Bu halkara derejesinde geçen fotosergi we maslahat uly ähmiýete eýe boldy.