2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hereket edýän gurnaklaryň sapaklary geçdi

 

«Ýaş tebigatçy» gurnagyň okuwçylary nobatdaky sapaklarynda «Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen guşlar» atly dersi geçdiler. Türkmenistanda Gyzyl kitabyna girizilen guşlaryň ýaşaýyş aýratynlyklaryny, köpelişini we iýmitlenişini öwrendiler. Olary goramakda Türkmenistanda alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Geçilen sapagy berkitmek üçin çagalara guşlar barada testler berildi. Gurnagyň sapagyny geçiren tebigat bölüminiň müdiriniň orunbasary Güljemal Annamyradowa.

«Ýaş suratçylar» gurnagynda okuwçylar türkmen milli keçesiniň we keçe önümleriniň suratlaryny çekdiler. Sapagyň dowamynda ýaş suratkeşlere Döwlet muzeýinde ýerleşýän ajaýyp keçe we keçe önümleri barada gürrüň berlip, bu önümleri kagyzyň ýüzünde suratlandyrmak öwredildi. Surat sapagyny geçiren Döwlet muzeýiniň çeper-dikeldiş we rejeleýiş işleri bölüminiň 1-nji derejeli suratkeş rejeleýjisi Maýsa Abdullaýewa.

Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölüminiň işgärleri 2019-2020-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýindäki Ýaş taryhçy gurnagyna gatnaşan mekdep okuwçylaryna geçilen sapaklary berkitmek maksady bilen muzeýiň taryhy zallarynda, ýagny Gadymy dünýä taryhyna, Marguşa, Parfiýa döwletine, irki we giçki orta asyrlara degişli zallarynda aýlanyp ekskursiýa berildi.

Okuwçylaryň arasynda sorag-jogaply bäsleşik geçirildi. Sapagy muzeýiň Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölüminiň işgäri Näzikjemal Durdykakaýewa geçirdi.