2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Ýeňiş baýramy mynasybetli sergi gurnaldy

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistan özüniň dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek biragyzdan ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet bolup, şu ýyl hemişelik Bitaraplygyna 25 ýyl dolýar. Türkmenistan Bitaraplygyň hukuk derejesine eýermek bilen ýöredýän parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň netijesinde bütin dünýä jemgyýetçiliginde uly at-abraýdan peýdalanýar.

         Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Ýeňiş baýramy mynasybetli çäre geçirdi. Şol çäräniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan göçme sergi gurnaldy.

        Şu ýyl 1941-1945-nji ýyllarda dünýäni elendiren urşuň Ýeňiş bilen tamamlananyna 75 ýyl dolýar. Dünýä taryhynda ýatdan çykmajak yz galdyran 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda halkymyzyň mukaddes ýörelgelerine eýerip, müňlerçe türkmenistanly ýigitler doganlyk halklarynyň wekilleri bilen egin-egne berip, edermenligiň hem-de gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler.

Sergide türkmen halkynyň milli guwanjy bolan inçelik bilen dokalan milli haly we haly önümleri, dürli saz gurallary, gündelik durmuşda ulanylan hojalyk esbaplary görkezilýär.