2020-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň arasynda göçme sapak geçirildi

Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynda ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ýurdumyzyň, halkymyzyň baý taryhyna uly orun degişlidigini nygtaýar. Ýurdumyzyň muzeýleri hem milli mirasy wagyz etmek we düşündirmek işine uly gоşant goşýarlar. Munuň üçin köpçülikleýin geçirilýän çärelerde, dabaralarda, ýaşlar üçin ýörite mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde muzeý gaznasynyň gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergiler we göçme sapaklar yzygiderli gurnalýar.

2020-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň taryhy bölümine degişli ekspozisyýsy boýunça sapak geçdiler. Olar ilki bilen gadymy dünýä we Marguş zalynda ýerleşýän gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Soňra yzygiderli Parfiýa we orta asyr zallarynyň ekpozisiaýasy bilen tanyşdylar. Muzeý gymmatlyklary bilen tanyşlyk we olar barada giňişleýin ekskursiýa talyplarda uly täsir galdyrdy. Sapagyň dowamynda täsirli söhbetdeşlik geçirildi.