2020-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 9-njy orta mekdepde «Muzeý gymmatlyklary­ – medeni miras» atly sergi gurnaldy.

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli mirasy wagyz etmek we düşündirmek üçin belli çärelere, dabaralara bagyşlap sergiler gurnalýar. Muzeýiň işgärleri hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça yzygiderli orta we ýokary okuw jaýlarynda, çagalar baglarynda göçme sergiler gurnaýarlar.

2020-nji ýylyň 4-nji maýynda Döwlet muzeýiniň «Bitaraplyk» şahamçasy Aşgabat şäherindäki 9-njy orta mekdepde «Muzeý gymmatlyklary medeni miras» atly sergi gurnaldy. Bu sergide XIX-XX asyrlarda hojalykda ulanylan gap-gaçlaryň dürli görnüşleri, aýakgaplar, amaly-haşam sungatyna degişli haly önümleri, haly dokalýan zähmet gurallary, ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleri görkezildi. Bular barada muzeýiň hünärmenleri okuwçylara gyzykly gürrüňler berdiler.

Bu sergi çagalaryň türkmen halkynyň miras galdyran we nesilden nesle geçip gelýän medeni gymmatlyklary, taryhy baýlygy, gözel tebigatymyzyň haýwanat dünýäsi barada maglumat almaklaryna we öz bilimlerini artdyrmaklaryna, dünýägaraýyşlaryny giňeltmeklerine ýardam berer.