2020-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň muzeýlerimiziň gaznalarynyň täze tapyndylar bilen üstüni ýetirmek barada edýän atalyk aladasyna muzeý işgärleriniň hoşallyk maslahaty we onuň çäginde «Milli mirasymyzyň nusgalyk genji-hazynasy» atly sergi gurnaldy.

Mähriban Prezidentimiziň Baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ruhy binýady bolan milli medeni we taryhy gymmatlyklarymyz hakda edilýän aladany göreniňde, geçmişimize buýsanjymyz, gelejegimize ynamymyz artýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň taryhy yzlaryny açyp görkezýän gymmatlyklarymyzyň toplanan ýeri bolan muzeýlerimize uly üns berýär, çünki halkyň medeni mirasyny ösdürmekde, ýaşlarda oňa bolan söýgini döretmekde, milli mirasymyzy gorap saklamakda muzeýleriň ähmiýeti örän uludyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň düzüminde 36 sany muzeý hereket edýär. Ýyl-ýyldan olar halkymyzyň milli aýratynlygyny saklap, täze öwüşgine eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda muzeýlerimiziň gaznalarynyň täze tapyndylar bilen üstüni ýetirmek barada tabşyryklar berdi. Şeýle bolansoň, 2020-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde halkdan toplanan gymmatlyklaryň tanyşdyrylyş dabarasy boldy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde muzeý işgärleri ýygnanyp, hoşallyk maslahatyny geçirdiler. Bu maslahat we sergi muzeý işgärleriniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa muzeýlerimiziň gaznalarynyň täze tapyndylar bilen üstüni ýetirmek barada edýän atalyk aladasyna hoşallyk maslahaty boldy. Täze toplanan tapyndylar Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň görnükli ýerinde sergilenip goýuldy. Şeýle-de muzeýiň merkezi binasynda uly ekran goýlup, onda medeni, milli gymmatlyklar barada, täze toplanan tapyndylar barada film görkezildi. Dabara ýurdumyzyň belli taryhçy alymlary, arheologlary, döredijilik adamlary, muzeýleriň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň ylmy işgärleri, Türkmenistanyň döwlet kitaphanasynyň işgärleri, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Türkmenistanyň Ilkinji Prezidenti muzeýi bölüminiň işgärleri, TDMI-nyň we TDÇA-nyň mugallymlary we talyplary, mekdep okuwçylary gatnaşdylar.        Dabara gatnaşyjylar duz-çörek bilen garşylandy.

Maslahatda giriş sözi bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow çykyş etdi.

Maslahatda şeýle hem Gökdepe milli muzeýiniň direktory Merdan Hydyrow, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Saparmämmet Meredow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň direktorynyň orunbasary, taryh ylymlarynyň kandidaty Handurdy Gurbanow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň professory, taryh ylymlarynyň kandidaty Meret Öwülýägulyýew, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Töre Nobatow, Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Azatgül Hojaberdiýewa, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Gülbahar Ýangibaýewa, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa çykyş etdiler. Olar türkmen halkynyň baý taryhy, milli mirasy, şu güni barada giňişleýin gürrüň berdiler. Muzeý işgärleri halkyň arasynda bolup, birnäçe gymmatly, täze tapyndylary muzeý gaznalaryna ýygnandyklary barada buýsanç bilen durup geçdiler. Gökdepe milli muzeýiniň işgärleri, Milli « Ak bugdaý»  muzeýiniň işgärleri, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň işgärleri, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary, teatr artistleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň işgärleri, ýaşulular we eneler gatnaşdylar. Şeýle-de çykyş edenler hormatly Prezidentimize muzeýlerimiziň gaznalarynyň täze tapyndylar bilen üstüni ýetirmek barada edýän atalyk aladasy, goldawy üçin öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Soňra dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýiniň ylmy işgäri G.Baýgeldiýewanyň halkyň arasyndan täze toplanan gymmatlyklar hakynda ekskursiýasyny diňlediler we gymmatlyklar bilen tanyş boldular.  

Şeýle-de dabara gelen myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň 2-nji gatynda ýerleşýän taryhy bölümler bilen tanyş boldular. Myhmanlara türkmen halkynyň baý taryhy döwürleri barada muzeýiň hünärmenleri gyzykly gezelençler gurnadylar.