Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Milli mirasyň şuglasy” atly göçme sergi gurnaldy

2020-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň zenanlar guramasy tarapyndan fakultetara çeper el işleriniň bäsleşiginiň barşynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýiniň guramagynda “Milli mirasyň şuglasy” atly göçme sergi gurnaldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasyndan haly we haly önümleri, şeýle-de milli egin-eşikler, durmuş esbaplary, saz gurallary sergide görkezildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet ulgamyny ösdürmek we halkymyzyň medeni-ruhy derejesini ýokary götermek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň bäş müňýyllyk baý taryhy mirasy, medeniýeti we etnografiýasy bar. Türkmen halkynyň egin-eşikleri ýaş we nagyşlaryň köp öwüşgünlüligi boýunça tapawutlanýar. Olara çaga eşikleri, ýaş gyz-gelinleriň, orta ýaşan zenanlaryň, ýaşuly ene-mamalarymyzyň egin-eşikleri we durmuş esbaplary degişlidir. Halkyň däp-dessurlary häzirki zaman jemgyýetiniň geçmiş, milli ýaşaýyş, medeniýet bilen arabaglanşygyny pugtalandyrýar.

Dabara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.  

 Ýaşlaryň arasynda döredijilik adamlary bilen duşuşyklar, sergiler we ylmy-amaly we okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Bu günki gurnalan sergi hem munuň nobatdaky subutnamasydyr. “Milli mirasyň şuglasy” ady bilen göçme serginiň gurnalmagy türkmen halkynyň milli däp-dessurlarydyr edep-kadalaryny, ýaşkiçiniň ýaşula goýýan sarpasyny, ýaşlaryň terbiýesinde muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti barada birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny wagyz etmäge mümkinçilik berdi.