Milli gymmatlyklarymyzyň arasynda behişdi bedewleriň aýratyn orny bar. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyny, görkanalygyny jahana ýaýýar.
Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli uly çäre geçirdi. Şol çäräniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan «Ahalteke bedewi – gözelligiň nusgasy» atly göçme sergi gurnady.
Sergide ata degişli esbaplar giňden görkezilýär. Olaryň arasynda eýeri, gamçyny, üzeňňini we serkeçi görmek bolýar. Türkmen gelin-gyzlaryň on barmagyndan çykan dürli horjunlar, eýerlikler, at ýapynjalary hem-de bedewiň şekilini suratlandyrýan haly pannolar serginiň täsirini artdyrýar. Ondan başga-da sergide dürli metallardan ýasalan ahalteke bedewiniň heýkelleriniň dürli görnüşleri sergilenýär.