Primary tabs
2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebi bilen bilelikde «Türkmenistanyň tebigat dünýäsi» atly göçme sapak gurnaldy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki ýokary we ýörite okuw mekdepleri bilen bilelikde göçme sapaklar gurnaýarlar.
2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde Döwlet muzeýiniň Ylmy usulyýet bölümi tarapyndan Döwlet muzeýinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebi bilen «Türkmenistanyň tebigat dünýäsi» atly göçme sapak gurnaldy. Bu göçme sapakda tebigat bölüminiň ekspozisiýasynda ýerleşdirilen gymmatlyklar barada giňişleýin gürrüň berildi. Biziň ýurdumyzyň tebigy ýadygärlikleri, mineral daşlary, gadymy haýwanlaryň we ösümlikleriň daşlaşan galyndylary, haýwanat we ösümlik dünýäsi giňden görkezildi. Şol ösümlikleriň arasynda aýratyn tekjelerde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikleri bilen tanyşdylar.
Türkmenistanda her ikinji ösümlik – dermanlyk ösümligi hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda olar barada maglumat berilýär. Talyplara göçme sapakda biziň ýurdumyzda duş gelýän dermanlyk ösümlikler, ýagny çopantelpek, üzärlik, yşgyn, süýji buýan, ýandak, boýbodran we atgulak ýaly ösümlikler görkezildi we olaryň adam üçin dermanlyk peýdasy öwredildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň tebigat bölüminiň ekspozisiýasynda dermanlyk ösümlikleriň gerbariý görnüşinde 27-si görkezilen we 470 sanysy muzeýiň gaznahanasynda saklanylýar. Ondan başga-da muzeýiň ylmy işgärleri Türkmenistanda seýrek duş gelýän haýwanlary goramakda Döwlet goraghanalarynda alnyp barylýan işleri barada gürrüň berdiler.
Bu göçme sapak talyplarda ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsine, medeni gymmatlyklaryna, tapylgysyz baý mirasyna bolan hormaty artdyrdy. Ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde halkymyzyň baý taryhy ruhy goldaw berýär, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýagty geljege bolan ynamyny artdyrýar. Ata-babalarymyzdan galan milli mirasymyza uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz muzeý gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan öwrenmäge, aýawly saklamaga, dünýä ýaýmaga ähli şertler döretdi. Medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda edýän bimöçber aladalary üçin hormatly Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys! Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Il-ýurt ähmiýetli tutýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!