Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi halkymyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň, milli gymmatlyklarynyň hazynasy bolup durýar. Muzeýiň işgärleri türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhy, medeni, milli we tebigy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, giňden wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde uly işler alyp barýarlar. Muzeýe gelýänler dürli gymmatlyklaryň üsti bilen türkmen halkynyň baý taryhy-medeniýeti barada öz bilimlerini artdyrýarlar.
Döwlet muzeýinde milli mirasy wagyz etmek we düşündirmek üçin belli çärelere, dabaralara bagyşlap sergiler gurnalýar. Muzeýiň işgärleri hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça yzygiderli orta we ýokary okuw jaýlarynda, çagalar baglarynda göçme sergiler gurnaýarlar.
2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde Döwlet muzeýiniň Şekillendiriş sungaty bölümi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 59-njy orta mekdepde «Muzeý gymmatlyklarynyň terbiýeçilik ähmiýeti» atly sergi gurnaldy. Bu sergide XIX-XX asyrlarda hojalykda ulanylan gap-gaçlaryň dürli görnüşleri, aýakgaplar, amaly-haşam sungatyna degişli haly önümleri, haly dokalýan zähmet gurallary, ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleri görkezildi. Bular barada muzeýiň hünärmenleri okuwçylara gyzykly gürrüňler berdiler.
Bu sergi çagalaryň türkmen halkynyň miras galdyran we nesilden nesle geçip gelýän medeni gymmatlyklary, taryhy, gözel tebigatymyzyň haýwanat dünýäsi barada maglumat almaklaryna we öz bilimlerini artdyrmaklaryna, dünýägaraýyşlaryny giňeltmeklerine ýardam berer.