Primary tabs
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her ýylymyz aýratyn at bilen atlandyrylýar.Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly taryhy wakalara beslenip, dürli döwlet derejeli çäreler yzygiderli dowam edýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işler bölüminiň işgärleri türkmen halkynyň dünýä ýaň salýan taryhy, medeni, milli we tebigy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, giňden wagyz etmekde hem-de geljeki nesillere ýetirmekde uly işler alyp barýarlar we dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, mekdeplerde, orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergiler gurnaýarlar.
Şu gün, 2020-nji ýylyň aprel aýynyň 14-ne Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işler bölüminiň ylmy işgärleri tarapyndan paýtagtymyzyň Aşgabat şäherindäki Büzmeýin etrabynyň Bekrewe şäherçesindäki 09230 harby bölüminde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan ajaýyp sergi gurnady. Sergide Döwlet muzeýiniň Maddy medeniýet gaznasynda saklanýan birnäçe gymmatlyklar: haly we haly önümleri, milli egin-eşikler, milli saz gurallarymyz, dokmaçylykda ulanylýan birnäçe esbaplar, ýumaklar, ikler we beýlekiler goýuldy. Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri Watan öňündäki gulluk borjuny berjaý edip ýören merdana esgerlerimize türkmen halylarynyň taryhy, halkymyzyň milli däp-dessurlary, edim-gylymlary, ynsanperwer gatnaşyklary barada muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen gyzykly gürrüňler berdiler. Harby gullukçylary hem öz gezeginde minnetdarlyk bildirip, gije-gündiz ýadawsuz Watan goragynda durjakdyklaryny, halkymyzyň asuda durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary etjekdiklerini nygtadylar.