Primary tabs
2020-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň Etnografiýa bölüminde Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň zergärçilik hünäriniň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň buýsanjy bolan dünýä belli ahalteke bedew atlaryny we onuň bezeg şaý esbaplaryny has ýakyndan öwrenmek maksady bilen göçme okuw sapagy gurnaldy. Göçme okuw sapagynda bedew atlar hakynda giňişleýin ekskursiýa muzeýimiziň ylmy işgäri Gülle Baýgeldiýewa tarapyndan alnyp baryldy. Ekskursiýanyň barşynda talyplar hem-de mugallymlar ahalteke bedewleriniň zergärçilik sungaty bolan atyň gadymy asyl nusgadaky bezeg şaýlaryny giňişleýin öwrendiler.
Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasyndan Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň müdiri Ýusup Sähetgylyjow hem-de mugallymlar Aýjemal Çaryýewa, Şirin Gylyjowa okuw göçme sapagyna gatnaşdylar.
“Ýaşlyk” teleýaýlymynyň gatnaşmagynda ýazgy edildi.
Ahalteke bedewleri barada aýdanymyzda, taryha ser salyp görsek, Türkmenistanyň gadymy medeniýetleriň we beýik dessurlaryň ýurdudygyna göz ýetirýäris. Döwürler geçmişde höküm süren kuwwatly galalary we baý şäherleri harabaçylyga öwürdi. Ýöne wagt şöhratly geçmişiň şanly şaýady bolan ahalteke bedewlerine hiç hili täsirini ýetirip bilmedi. Türkmen ýigitleri öz atyna sarpa goýmak bilen, olary hemişe birnäçe owadan şaýlar bilen bezäpdirler. At şaýlary zergärler tarapyndan kümüşden ýasalyp, altyn çaýylypdyr, pöwrize hem-de hakyk daşlary bilen bezelipdir. Ol şaýlara göwüsbent, gözlük, boýunlyk, uýan toplumy girýär. Talyplar gadymy asyl nusgadaky şaýlary öwrenmek bilen, öz okuw tejribelerini baýlaşdyrýarlar hem-de öz ýasaýan zergärçilik işlerinde ulanýarlar. Ýaş nesillere dünýä belli ahalteke atlaryny hem-de olaryň bezeg şaýlaryny we ýasalyşynyň inçe tilsimlerini ylmy taýdan öwretmekde Döwlet muzeýiniň goşandy örän uludyr.
Häzirki wagtda Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwrinde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdymyzyň atşynaslyk ulgamyny ösdürmek hem-de arassa ganly bedewleri ösdürip ýetişdirmek üçin ähli şertler döredilýär. Şeýlelikde, tohumçylyk ulgamynyň aýawly saklanjakgy we onuň ruhy baýlyk hökmünde nesillere geçiriljekdigi gümansyzdyr.