Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýi 2009-njy ýylyň 18 maýynda açylyp ulanmaga berildi. Üç gatly bina muzeýiň Baş binasyna birikýär. Muzeýiň 1-nji gatynda Türkmenistanyň tebigatyna bagyşlanan ekspozisiýa, 2-nji gatda bolsa etnografiýa bölümi ýerleşýär. Ülkäni öwreniş we tebigat bölümi 11 bölümçeden durýar. Birinji bölüminde Ýer ýüzinde ýaşaýyşyň döremegi we Türkmenistanyň çäginden tapylan gadymy jandarlaryň galyndylary hem-de yzlary görkezilýär. Olaryň arasynda Köýtendagda tapylan dinozawrlaryň yzlaryny (ýaşy 150 mln ýyla golaý), Günbatar Köpetdagda ýerleşýän (ýaşy 2,5 mln ýyl) dünýäde ýeke-täk gadymy Arwana düýäniň aýak yzlaryny, Türkmenistanyň çäginde neogen döwründe ýaşan gadymy pilleriň süňk galyndylaryny görmek bolýar.
Muzeýiň 2-nji bölümi Türkmenistanyň fizika-geografiki häsiýeti bilen tanyşdyrýar. Bu ýerde Türkmenistanyň seýsmiki, klimat, toprak we suw basseýnleriniň kartasy hem-de ýurdumyzda gazylyp alynýan ýerasty baýlyklary witrinalarda ýerleşdirilen. 3-nji bölümden 10-njy bölüme çenli muzeýde Türkmenistanyň owadan tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi görkezilýär. Syýahat ýurdumyzyň günorta-güdogaryndan başlanýar. Bu ýerde “Köýtendag” we “Garlyk gowaklary” atly dioramalar, Lebap welaýatynyň tebigy ýadygärlikleri bolan Aýrybaba dag gerşi, Arnap tokaýjygy, Ketteköl, Gaýnarbaba köli, Kyrkgyz köwegi we Köýtendag Döwlet goraghanasy görkezilýär. “Türkmenistanyň guşlary” atly witrinada ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşlerini görmek bolýar. Ülkämiziň dermanlyk ösümlikleri bolan ýandak, üzärlik, yşgyn we başga onlarçysy gerbariý görnüşinde sergilenen. 2 sany dioramada ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýerleşýän “Gaplaňgyr” we “Sarygamyş köli” görkezilýär. Hemişelik serginiň 5-nji bölüminde Badhyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsi we tebigy ýadygärlikler bilen tanyşdyrýan diorama: “Ýeroýlanduz çöketligi” we “Pisse tokaýy” ýerleşdirilen. Şol bölümçede Badhyz Döwlet goraghanasy barada maglumat, ýyrtyjy guşlar, mör-möjekleriň we möý şekillileriň ýygyndysy ýerleşýär. Köpetdagyň ösümlik we haýwanat dünýäsi üç sany dioramada görkezilýär. Ol ýerde haýwanlardan: sakartorsuk, goýun kirpisi, sakgaly umga, aýrak, alajagaplaň, samyr, goňur aýy, möjek we guşlardan: bürgüt, sakgaly garaguş, dazzarkel, garçygaý, gögerçin we käkilik ýaly görnüşler bar.
Türkmenistanyň 80%-ni Garagum çöli tutýar. Bu landşafta bagyşlanan dioramada: jeren, garagulak, garsak, towşan, zemzem, gum pişigi, togdary ýalylar görkezilen. Tebigat bölüminiň iň gymmatly eksponatlarynyň biri Turan gaplaňydyr. Ol “Amyderýa” atly dioramada görkezilýär. Türkmenistanda guşlaryň 436 görnüşi hasaba alyndy, olaryň arasynda suw-batgalyk guşlary aýratyn dioramada görmek bolýar. Muzeýiň ekspozisiýasyny Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen çigildemleriň 9 görnüşi bezeýär, olaryň arasynda 4 gönüşi endemikdir. Ekspozisiýa tebigaty goramaklyga bagyşlanan we Türkmenistanyň biolog-alymlarynyň portretleri ýerleşdirilen witrinalar bilen tamamlanýar.
Muzeýiň ikinji gatynda etnografiýa bölüminde türkmen halkynyň däp-dessurlary giňişleýin açylyp, durmuş esbaplary, milli egin-eşikleri, senetler, söweş ýaraglary, saz gurallary, kümüş şaý-sepler görkezilendir. Etnografiýa bölüminiň başynda adamzadyň ilkinji kesp kärleriniň biri bolan awçylyk barada aýdylyp geçilýär. Awçylyk müňýyllyklardan bäri dowam edip, ýaşaýyş üçin esasy eklenç çeşmesi hökmünde türkmenleriň hojalygynda goşmaça pudak bolup hyzmat edipdir. Muzeýiň ekspozisiýasynda XVIII – XIX asyrlara degişli galkan, naýza, sowut, polatdan gylyçlar, jöwher pyçaklar, şeýle-de söweşlerde ulanylan ot açýan ýaraglar görkezilendir.
Türkmenleriň gadymdan gelýän hojalygynyň esasy pudagy bolan ekerançylyk adamzadyň durmuşynda örän uly orun tutupdyr. Künjiden we pagta çigidinden ösümlik ýagyny öndürmeklik giňden ýaýrapdyr, onuň üçin iş mallarynyň güýji bilen işledilýän juwaz ulanylypdyr. Türkmen halky üçin suwuň belli bahasy bolmandyr. Witrinanyň birinde ýörite käriz guýylaryny gazmak üçin esbaplar gözkezilendir. Amyderýanyň töwereginiň ýaşaýjylary ekin-meýdanlary suwarmak üçin dürli suw desgalary ulanypdyrlar: jykyrlar we depme nowalaryň kömegi bilen derýanyň suwy ekinleriň derejesine galypdyr. Ekerançylyk bilen birlikde türkmenler maldarçylyk bilen meşgullanyp, mallaryň gymmatly tohumlaryny ýetişdiripdirler. Çarwaçylyk bilen meşgullanýan obalarda ýaz gelmegi bilen ýazlaga çykylýar. Süri-süri goýun-geçileriň süýdünden gündelik durmuşda gerekli dürli süýt önümleri alynýar.
Türkmen halkynyň milli mirasyny, aýratynlyklaryny özünde jemleýän gurnama ak öýlerimiz özboluşly bir görnüşe eýedir. Ak öýleriň bezegi bolan haly önümleri: gapylyk, eňsi, ümür - duman, çuwallar, torbalar, ikselik, ukujy, horjun hem-de hojalyk esbaplary görkezilendir. Öýüň gapysynda halallygyň, milliligiň nusgasy bolan tamdyr görkezilendir. Türkmenlerde maşgala dabarasy “toý” diýlip atlandyrylýar. Dioramada türkmeniň ogul öýermek toý dabarasy giňişleýin suratlandyrylýar.
Türkmen halkynyň baý taryhy mirasynda bedewe aýratyn orun degişlidir. Ata-babalarymyz at üstüni şa tagtyndan eý görüp, bedewini hormatlap, ony altyn-kümüş bilen, haly önümleri bilen bezäpdirler. Türkmenleriň hojalygynda hünärmentçilige we senetçilige uly üns berlipdir. Türkmen halky egin-eşikleri üçin tara guralynda dokalan ýüpek matalary ulanypdyrlar. Türkmen halysy tehniki taýdan taýýarlanylyşy we estetiki many mazmuny boýunça gadymy, seýrek duşýan önümleriň hataryna degişlidir. Kümüşden altyn çaýylyp ýarym gymmatbaha daşlar bilen bezelen milli şaý-sepler reňkleriň utgaşmasy we nepisligi bilen tapawutlanýar. Ekspozisiýanyň dowamynda demir ussaçylygy, netjarçylyk, külalçylyk görkezilýär.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän özboluşly özüne mahsus medeniýeti bar. Türkmen hat sowaty gowy görüpdir. Her bir ene-ata öz perzendiniň hatly, sowatly bolmagyny isläpdir. Sowady oba mekdeplerinde we ýokary bilim berýän medreselerde alypdyrlar. Bütin Orta Aziýada bolşy ýaly, türkmenlerde hem magaryfyň işi yslam dini bilen berk baglanşykly bolupdyr. Irki döwürlerden bäri türkmen halky sazyň tebigat kanunlary bilen baglanyşygy bolup, onuň jadylaýjy güýje eýedigine ynanypdyrlar. Türkmen aýdym-saz sungatynyň tematikasy örän giňligi bilen tapawutlanýar. Asyrlar boýy saz çalmak üçin saz gurallary sünnälenip ýasalyp gelnipdir. Gadymy saz gurallara dutary, gyjagy, dilli tüýdügi, gopuzy mysal almak bolar. Ekspozisiýanyň soňy dessançylyk ýolyna bagyşlanýar. Dessan bagşyçylyk sungatynyň ugry bolup, aýdym-saz sungaty bilen utgaşdyrylyp ýerine ýetirilýär. Olar esasan kyssa we şygyrdan düzülýär. Bagşylar kyssasyny söz bilen, şygyryny aýdym edip aýdypdyrlar. Dessanlar 2 topara bölünýär: belli bir awtor tarapyndan döredilen dessanlar hem-de halk dessanlary. Dessanlarda türkmen halkynyň däp-dessurlary, belent adamkärçiligi, watansöýüjiligi, beýik ahlak duýgulary açylyp görkezilýär.



















