Türkmenistanyň Bitaraplyk muzeýi şahamçasy

 “Bitaraplyk muzeýi” şahamçasy

Bitaraplyk binasy 2011-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň 16 ýyllygyna bagyşlanyp açylyp ulanylmaga berildi. 2025-nji ýylda halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dünýäniň birnäçe döwletleriniň Prezidentleriniň, ýokary wekilçilikli edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda durky täzelenen Bitaraplyk binasynyň meýdançasynda dabaraly çäre bolup geçdi.
 
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 28-nji aprelinde çykaran kararyna laýyklykda “Bitaraplyk muzeýi” şahamçasy döredildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine degişli bolup, Bitaraplyk binasynda ýerleşýär. Bu binanyň özboluşly arhitektura gurluşy bar. Binanyň daş ýüzünde relýef şekilli guşak zolaklary ýerleşdirilen. Her guşak 3 zolakdan ybarat bolup, 1-nji guşakda Oguz han türkmeniň eýýamy, gadymy Parfiýa döwleti, Gök türkmenleriň zamany barada şekiller ýerleşdirilen. 2-nji guşakda Beýik Seljuk türkmenleri, Gorkut ata eýýamy barada, Görogly, Magtyymguly ýaly şahsyýetleriň şekilleri ýerleşdirilen. 3-nji guşakda bolsa täze Galkynyş eýýamynda ýetilen belent sepgitlere bagyşlanan şekiller ýerleşdirilen. Bu binanyň beýikligi 95 metr. Bitaraplyk binanyň umumy diametri 100m, pýedestalyň üstünde gurlan köp basgançakly bina üç aýakly taganyň görnüşinde bolup, 3 sany äpet sütüniň üstünde ýerleşýär. Bina parahatçylygyň reňki bolan asman reňkindäki öwüşginli şekiller bilen bezelen. Bitaraplyk muzeýi binanyň birinji gatda ýerleşýär. Muzeý ekspozisiýasyndaky hemme maglumatlar sensor monitorlarda berilýär.
 
Bitaraplyk seýilgähi zolagynyň gündogar tarapyndaky “Baky ýoly” binasynyň ekspozisiýa zalynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň daşary syýasatynda dünýäniň birnäçe döwletleri bilen alyp baran halkara Bitaraplyk oňyn syýasaty, netijeli dost-doganlyk gatnaşyklary barada giňişleýin gürrüň berilýär.
 
Bitaraplyk seýilgähi zolagynyň günbatar tarapynda ýerleşýän “Bitaraplygy” binasynyň ekspozisiýa zalynda ýurdumyzyň daşary syýasy işi esasy iki ugur, ýagny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn diplomatiýa ugry boýunça alnyp barylýan syýasy gatnaşyklary barada, dünýäniň birnäçe döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary barada QR arkaly giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle-de birnäçe döwlet sylaglary, gymmat bahaly eksponatlar görkezilýär.