Primary tabs
Türkmen medeniýeti taryhy menzilleriň dowamynda özüniň kämilligi, tebigy aýratynlygy bilen adamzadyň ruhy gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Oňa taryhy çeşmeleriň, ýurdumyzda geçirilýän gazuw-barlag işleriň netijesinde tapylan tapyndylaryň, ýazuw ýadygärlikleriniň üsti bilen göz ýetirip bilýäris. Olardan gadymy Marguş, Jeýtun, Nusaý medeniýetlerine dünýä alymlary tarapyndan berlen bahalar türkmen medeniýetiniň halkara derejesinde ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.
Taryh bizi geň-enaýy gymmatlyklary bilen haýran galdyrmagyny dowam edýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Marguş döwletine bagyşlanan bölüminde sergilenen temençeler öz nepisligi bilen akylyňy haýran edýär. Häzirki döwürde ulanýan temençelerimizden tapawutlylykda, olar ýokarky ujy her dürli şekiller bilen bezelen bizi ýa-da temeni ýatladýar. Bu temençeleriň ýokarky ujuna berkidilen kiçijek heýkeljikleriň heýkeltaraşlyk sungatynyň aňrybaş nusgalarydygyny aýtsak, hakykatdan daş düşmeris. Marguşly ussalar olara esas edip, esasan, haýwanlaryň dürli hereket halyndaky şekillerini alypdyrlar. Bu kindiwanja heýkeljikler öz sungatlarynyň inçe syrlaryndan gowy baş çykaran heýkeltaraşlaryň ellerinden çykan gaýtalanmajak sungat eserleridir. Heýkeljikleriň aglabasy altyndan, kümüşden we misden ýasalypdyr. Ýasalyş usuly bilen häzirki zaman heýkeltaraşlaryny hem pikirlenmäge mejbur edýän bu nepis heýkeljikler medeniýetimiziň taryhyna-da aýratyn öwüşgin çaýýarlar.
Marguş döwletiniň merkezi şäheri Goňruň patyşalaryň gonamçylygy bolandygy çak edilýän bölegindäki jaýlaryň birinden tapylan ildirgiçli temençäniň (KEK 1813/14) ýokarky ujunda ýerde ýatan göläni şekillendirýän heýkeljigi (15mm) görýäris. Bürünçden ýasalan bu temençäniň daşyna kümüş çaýylypdyr. Onuň golaýyndan demirden ýasalan başga bir uzynyrak temençe hem tapylypdyr. Ol saçy çugdamlamak üçin niýetlenipdir. Ömrüniň ep-esli bölegini gadymy Marguş ýurduny öwrenmäge bagyşlan belli arheolog W.Sarianidi bu temençäniň Goňurdan tapylan ilkinji demir önümidigini, onuň meteorit demri bolaýmagynyň hem ähtimaldygyny, şunuň ýaly ýagdaýyň arheologiýanyň tejribesinde örän seýrek duş gelýändigini belläp geçipdir. Bu temençäniň ýokarky ujuna ýaňy dogan Aýyň we sekiz sany ýaprajykdan emele gelen sekizburçly ýyldyzyň altyndan ýasalan şekilleri berkidilipdir. Bu şekilleriň ikisiniň hem biziň häzirki döwlet nyşanlarymyzyň düzüminde ýer almagy olaryň aňyrsynda uly manynyň ýatandygyna yşarat edýär. Diýmek, olar miladydan öňki III-II müňýyllyklarda hem ata-babalarymyzyň arasynda giňden meşhur bolan bolmaly. Siz bu temençäni muzeýimiziň ekspozisiýasynda synlap bilersiňiz.
Bu temençä mahsus bolan sekizburçly ýyldyzyň ýapraklarynyň arasyndan jereni (KEK 1503) we ýolbarsy (KEK 1504) şekillendirýän iňňän kiçi heýkeljikler hem tapylypdyr. Jereni şekillendirýän heýkeljigiň uzynlygy 1 santimetre deň bolup, ol altyndan ýasalypdyr. Jeren ýüzüni göge tutup duran edilip şekillendirilipdir. Şeýle göräýmäge örän kiçijekdigine garamazdan, jereniň şahynyň her bir towlamjygy, hatda onuň beden etleriniň çylgymlary, kiçijik guýrugy, gözleri, gulaklary hem gowy saýgarylar ýaly edilip, örän ussatlyk bilen ýasalypdyr. Ýolbarsyň uzynlygy bary-ýogy 7 millimetre deň bolan heýkeljigi has hem geň galdyrýar. Ol pöwrize daşyndan ýasalypdyr. Ýolbars bökmäge hyýallanýana meňzeýär. Agzyny açyp, penjelerini ýere mäkäm uran ýolbars guýrugyny yzky iki aýagynyň arasyna gysdyrypdyr, gulaklary bolsa hüşgärlik bilen keýerip dur. Alymlaryň aýtmagyna görä, bürünç eýýamyna degişli şunuň ýaly ownuk hem-de örän nepis heýkeljikler Gündogaryň beýleki gadymy merkezlerinde şundan öň gabat gelmändir. Marguşly heýkeltaraşlar baryp miladydan öňki dördünji müňýyllykda ýörüte gysgyçlaryň (sandallaryň) we ulaldyjy aýnalaryň (lupalaryň) heniz oýlanylyp tapylmandygyna garamazdan, ýönekeýje bürünç byçgyjyklaryň we temenjikleriň kömegi bilen kämil sungat eserlerini ýasamagyň hötdesinden gelipdirler. Bu iki sany tasin tapyndy Döwlet muzeýiniň gaznahanasynda goralyp saklanylýar.
Marguşly heýkeltaraşlar öz eserlerinde dag goçunyň, keýigiň, ýolbarsyň we bürgüdiň şekillerini ýygy-ýygydan janlandyrypdyrlar. Bu haýwanlaryň şekili diňe bir temençeleriň ýokarky uçlarynda heýkeljik görnüşinde däl, eýsem, tumarlaryň, möhürleriň ýüzünde surat görnüşinde hem duş gelýär. Hatda bu ýerden tapylan zatlaryň arasynda goç şekilinde ýasalan kosmetiki guty hem bar.
Gadymy Marguşdan tapylan temençeleriň biriniň (KEK 1285) ýokarky ujuna dört aýagyny jüpje goýup duran keýik owlajygyny şekillendirýän heýkeljik (18mm) berkidilipdir. Owlajygyň özboluşlydan owadan naşyja keşbinde göräýmäge üýtgeşik zat ýok ýaly hem bolsa, ýoly enesiniňkiden aýra düşen ýaly bolup boýnuny çalaja burup durşy, ýüregiňi jigledip, ony ýasan heýkeltaraşyň uly ussatlygyndan habar berýär.
Muzeýiň ekspozisiýasynda sergilenen KEK 360 belgili temençe diňe bir saça sançmak ýa-da ýakany baglamak üçin däl-de, şol bir wagtyň özünde möhür hökmünde-de ulanylypdyr. Möhür bolup onuň ýokarky ujuna berkidilen zenan heýkeljiginiň arka tarapy hyzmat edipdir. Bu heýkeljik kümüşden ýasalypdyr. Heýkeljigiň ýüz tarapynda ylmy edebiýatda kaunakes diýlip atlandyrylýan we miladydan öňki III müňňyllykda şumerleriň hem-de marguşlylaryň geýen ösgün sütükli eşiklerini ýatladýan köýnekli, owadan edilip ýygnalan saçly, bezemen oturgyjyň (tagt bolmagy-da ähmal) üstünde gapdala seredip oturan zenan şekillendirilipdir. Bu heýkeljik Marguşa mahsus heýkeltarşlyk sungatynyň iň gowy nusgalarynyň biri hasaplanylýar.
Gadymy Marguş ýadygärliginde üsti açylan arheologik tapyndylaryň arasynda uly bolmadyk, emma özboluşludan birmeňzeş adampisint heýkeljikler hem bar. Edil şunuň ýaly heýkeljikler Baktriýadan hem tapylypdyr. Olaryň biri muzeýimiziň sergisinde görkezilen KEK 1866/295 belgili temençäniň ýokarky ujuna berkidilipdir. Ol hanasyndan çykyp gelýän möle gözleri, özüni eýmenç edip görkezýän daralgy sakgaly we uzyn sakgalsapysy bolan adama çalym edýär. Eýran miflerinde döwlere we elhenç jandarlara garşy söweşýän gahryman hökmünde orta çykýan Kersaspyň (parslar oňa Garşasp diýýärler) şekilini hem ýatlatman durmaýan bu heýkeljik kümüşden ýasalypdyr. Sergide onuň ýanynda iki sany kümüş temençe hem goýlupdyr. Olaryň biriniň (KEK 1285) ýokarky ujuna goç kellesiniň, beýlekisiniňkä bolsa (KEK 1866/295) ýolbarsyň heýkeljigi berkidilipdir.
Gürrüňini eden temençelerimiziň ählisi metaldan: kümüşden, bürünçden, demirden ýasalypdyr. Marguşly heýkeltaraşlar metal işläp bejermekde haýsy usullardan peýdalandylarka?
Günorta Türkmenistanyň metal önümçiliginde, esasan, guýma usuly ulanylypdyr. Şol bir wagtyň özünde täze usullary özleşdirmek boýunça-da iş alnyp barlypdyr. Marguşlylar kindiwanja heýkeljikleri ýasamak üçin, açyk galypa metal guýmak ýaly, sada usuldan başlap, muma meňzeş jisimden ýasalan bir geseklik ýapyk galyplara, şonuň ýaly-da, temençäniň ýokarky ujuna berkidilen galyplara metal guýmagyň, täze erginleri taýýarlamagyň, olar bilen işlemegiň usullaryny oýlap tapmagyň üstünde hem işläpdirler. Heýkeljikleri guýma usulynda ýasamak hysyrdyly zähmeti talap edipdir. Munuň üçin galyp we nusga (model) ýasamak, dürli erginleri taýýarlamagyň belli bir tärini seçip almak, metallary eretmek, ony guýmak, taýýar bolan heýkeljiklere dürli öwüşgin bermek we olary timarlamak ýaly birnäçe çylşyrymly işleri ýerine ýetirmeli bolupdyr. Bu iş gerekli çig maly, ýörüte zähmet gurallaryny, enjamlary, esasan hem, hünär ussatlygyny talap edipdir.
Temençeleriň diňe bir metallardan däl, eýsem, haýwan süňkünden ýonulyp ýasalanlaryna-da duş gelinýär. Olaryň käbiri Hind derýasynyň jülgesinde ýerleşýän Harappa welaýatynyň gadymy şäherlerinden getirilen pil süňkünden ýasalypdyr. Süňkden ýasalan KEK 339/2 belgili temençe sada oýma nagyşlar bilen sünnälenip bezelipdir. Onuň ýokarky ujuna barmaklary biri-birine degip duran açyk eliň şekili (17mm) berlipdir. Üns berip synlasaň, eliň barmaklarynyň süňklerini hem saýgaryp bolýar. Wagtyň geçmegi bilen sürtülmedik bolanda, eliň dyrnaklaryny-da göräýmegimiz mümkin eken. Başga bir temençäniň ýokarky ujy dört barmagy ýumlan, başam barmagy bolsa ýokary galyp duran el görnüşinde ýasalypdyr. Onuň uzynlygy 4 millimetre deň. Eliň gutarýan ýerinden temençäniň ýarysyna çenli aralyk sadaja oýma çyzyklar bilen bezelipdir. Bu temençeleri ýasanlaryň örän ýokary ussatlyga eýe bolandyklary göz-görtele bolup dur.
Adamzat medeniýetiniň gadymy merkezleriniň biri hasaplanýan Marguş döwleti heniz hem özünde köp syry saklap ýatyşyna, dünýä alymlarynyň üns merkezinde galmagyny dowam edýär. Döwlet muzeýinde bu medeniýete degişli gymmatly tapyndylaryň ençemesi gorlayp saklanylýar. Olar - bahasyz hazyna. Olary abat saklamak, öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek muzeý işgärleriniň iň esasy wezipeleriniň biri bolup durýär.
Oraznabat Saparowa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri