Gadymy söwda ýollarynyň marguş-harapp medeniýetlerini ýakynlaşdyrmagy

 

Türkmen we hindi halklarynyň özara gatnaşyklary taryhyň jümmüşüne siňip gidýär. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda: “Türkmenistanyň çäginde gadymy döwürlerde, şeýle hem orta asyrlarda Amulyň, Merwiň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Degistanyň üsti bilen Hytaýdan Ýakyn Gündogara çenli, Köneürgenjiň üsti bilen Orta Gündogar ýurtlaryndan Russiýa çenli, Zemmden (Kerki şäheri) Hindistana çenli möhüm söwda ýollary geçipdir” diýip belläp geçýär. Orta asyrlarda “Beýik Ýüpek ýoly” adyny alan bu ýoluň ilkinji ýodalarynyň düýbi has irki – gadymy döwürde tutulýar.

Türkmenistanyň gadymy ýadygärliklerinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende Hindistan bilen söwda we medeni gatnaşyklaryň bolandygyna neolit, eneolit we bürünç eýýamyna degişli arheologiýa tapyndylar ýüze çykarylýar. Hindistanyň megar medeniýeti (b.e.öň VI müňýyllyk) Türkmenistanyň günortasynda ýerleşýän Jeýtun medeniýetine ýakynlygyny görkezýär. Baglanyşyk bürünç eýýamynda has-da aýdyň görünýär. Bu gadymy Murgabyň akymynda ýerleşen Marguş ösen medeniýetiniň Hindistanyň ep-esli bölegine (Hind derýasynyň jülgesi we onyň akymynyň ugurlary, Ganganyň ýokarky akymy, Lothalyň ýakynlary, häzirki Gujarat welaýatynyň töweregi) ýaýran Harapp ösen medeniýetiniň bir wagtyň özünde döremegi bilen baglanyşdyrmak bolar.

Türkmenistanyň günorta böleginde geçirilen köpýyllyk arheologiýa gözleg-barlag işleriniň netijesi gadymy Altyndepe medeniýeti bilen Harapp siwilizasiýasynyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň bolanlygyny subut edýär. Köpetdagyň eteginde tapylan piliň süňkünden ýasalan önümleriň we käbir monjuklaryň Hindistandan getirilenligi belli. “Altyndepede piliň süňkünden ýasalan tapyndylaryň ýüzündäki nagyşlaryň Harapp we Mohenjo-Daroda tapylan önümler bilen meňzeşligi bürünç zamanasynda Harapp siwilizasiýasyndan günorta Türkmenistana göni söwda ýolunyň geçenligini aýan edýär” diýip, hindi ýazyjysy, syýahatçy we barlagçy Radhi Raýna “Ancient kinship. India and Turkmenistan” (“Gadymy kowumdaşlyk. Hindistan we Türkmenistan”) diýen kitabynda belläp geçýär.

Belli arheolog, professor Wiktor Iwanowiç Sarianidi Hind derýasynyň jülgesindäki gadymy şäherleriň gazuw-agtaryş işlerinde tapylan dyza çöküp oturan adam şekillendirilen heýkeljiklere aýratyn üns berýär. Şeýle heýkel Goňuryň patyşa ybadathanasyndan hem tapylýar. Harapp medeniýetiniň täsirini görkezýän dyza çöküp oturan adam şekillendirilen, steatit ýumşak daşdan ýasalan heýkeljigiň bölegine duş gelinmegi iki medeniýetiň ýakyndan gatnaşygynyň bolanlygyny görkezýär. Dogrusy, heýkeliň göwresiniň diňe aşaky bölegi saklanyp galypdyr. Emma, oňa garamazdan heýkel böleginiň uly ylmy ähmiýeti bardyr. Adam şekiliniň epilen dyzlarynyň biri beýlekisinden aşagrakda durýar, onuň goly saklanyp galmadygam bolsa, çep elin aýasy biraz galyp duran çep dyzyna diräp durandygyny görmek bolýar. Şunuň ýaly heýkeljikleriň birnäçesi Hind derýasynyň jülgesindäki gadymy şäherlerde hem tapylýar. Şolaryň biriniň Goňurdaky heýkeliňki ýaly çep eliniň aýasy dyza direlip durmagy olaryň biri-birine meňzeşligini görkezýär. Bu heýkeljikleriň söwda ýollarynyň üsti bilen Marguşdan Hind derýasynyň jülgelerine gidipdirmi ýa-da ol ýerlerden Marguşa düşüpdirmi belli däl. Ýöne welin, Hindi yklymynda şondan öňki döwre degişli şeýle heýkeljikler tapylmandyr, emma şol bir wagtyň özünde Marguşda ýeterli derejede meşhur bolupdyr. Mysal üçin, dyza çöküp oturan adamlaryň şekilleri Marguşda we Baktriýada tapylan möhürlerde duş gelýär. Aýratyn-da olaryň bir aýagynyň dyzy beýlekisinden ýokarda durýar. Şeýle meňzeş Marguşdan we Baktriýadan Hind derýasynyň jülgelerine ýuwaşlyk bilen süýşen baktriýa-marguş taýpalarynyň özleri bilen alyp gidendiklerini çaklamak bolýar.

Hindi subkontinentinden tapylan marguş önümleri Harapp ösen medeniýetiniň giçki gatlaklaryndan gelip çykýar. Marguşda bolsa bu zatlar iň irki gatlaklardan tapyldy. Şeýle bolansoň, köp wagtyň geçmegi bilen marguşlylaryň bir bölegi Murgabyň jülgesinden gündogara tarap, Hind derýasynyň uzboýuna çenli göç edipdirler diýen maglumatlar bar.

Arheolog W.I.Sarianidi Marguşyň ýaşaýjylarynyň harapp medeniýetinde duş gelendiklerini belläp geçýär. A.Ardeleanu-Ýansen we G.Possel ýaly häzirki zaman belli hünärmenler Hind derýasynyň jülgesi baradaky iň täze maglumatlary öwrenip seljerýärler we bu medeni merkezleriň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň bolandygy baradaky netijä gelýärler. Olar miladydan öň II müňýyllykda Harapp siwilizasiýasynyň oturymly ýerlerinde marguşlylaryň bolandygyny subut edýärler. Demirgazyk Goňuryň baý adamlarynyň jaýlanan mazarlaryndan, ýerli ussalar tarapyndan ýasalan we häzirki wagtda Döwlet muzeýiniň Marguş bölüminde görkezilip goýulan, piliň süňkünden ýasalan saç daragy we beýleki şirmaýy önümleri tapyldy. Olaryň biri agzynda keýigi gysyp duran ganatly grifon (mifologiýada ýolbars göwreli, bürgüt ganatly, bürgüt ýa-da ýolbars kelleli hyýaly jandar) şekilli kosmetiki “piljagaz” süňki oýup bezemek usulynyň ajaýyp nusgasydyr. Bu tapyndylar miladydan öň III-II müňýyllyklarda bu iki döwletiň arasynda gatnaşyklaryň bolanlygyny tassyklaýar.

Goňur 2-de geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde keramiki gaplaryň galyndylarynyň üýşmeginiň üsti açylýar. Bürünç eýýamyna mahsus bu önümleriň arasynda açyk gyzyl reňkli humça, terrakotadan (bişen toýundan) ýasalan aýal heýkeljikleri hem-de haýwanyň şekili tapylýar. Şol ýerden tapylan toýundan ýasalan, ýüz tarapy oýulyp nagyşlanan möhür Hind derýasynyň jülgesindäki gadymy şäherden tapylan möhürleri ýatladýar. Togalak 21-den tapylan, ak ýumşak daşdan ýonulyp ýasalan kömelege meňzeş tumar hem Çanhu Daronyň bezeg önümlerine meňzeşdir.

Marguşlylar steatit ýumşak daşyndan dürli görnüşli önümleri, aýratyn-da iri monjuklary (ikbaşlary) köp ýasapdyrlar. Şular ýaly monjuklar şol bir wagtda Demirgazyk-Gündogar Eýranda, Baktriýada, Margianada, Günorta Owganistanda, şeýle hem Hind jülgesiniň jukar medeniýetinde giňden ýaýrapdyr.

Şunuň ýaly iki medeniýetiň arasyndaky söwda gatnawynyň subutnamalarynyň ýurdumyzyň muzeýlerinde goralyp saklanşy ýaly Hindistanyň muzeýlerinde hem görmek bolýar. Olar esasan-da, kerwen ýollary bilen ülkeden ülkä göçüp-gonan gadymy keramika önümleriň nusgalary, sungat eserleri, şeýle hem dini äheňdäki tapyndylar. Miladydan öň II we I müňýyllyklarda Türkmenistanyň çäklerinde dörän bolmagy ähtimal diýen düşünjäni özünde jemleýän, ilkinji dünýä dini - zoroastrizim dini, ol häzirki güne çenli Hindistanda saklanyp galypdyr. Merwdäki irki orta asyra degişli buddizm ybadathanalary bolsa, Merkezi Aziýada iň iri dini desgalaryň biridir.

Antika döwürlerinde Türkmenistan bilen Hindistany Beýik Ýüpek ýoly mäkäm baglanyşdyrýar. Ol Günorta Türkmenistan merkezi bolan beýik Parfiýa imperiýasynyň gülläp ösen döwrine gabat gelýär. Parfiýa uzak wagtlap Hindistandan Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna haryt daşalan halkara söwda ýolunyň çatrygyny öz gözegçiliginde tutýar. Orta asyrlarda Hindistanyň çäklerinde eftalitleriň (türkmen-abdallarynyň) döwleti döreýär, oňa hindi ýazgyly teňňeler şaýatlyk edýär. Bu gatnaşyklar giçki Orta asyrlarda hem dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistan bilen Hindistanyň asyrlar boýy dowam eden medeni we etniki gatnaşyklary häzirki döwürde has-da giň gerim aldy.

 

Oraznabat Saparowa

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň

 Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri