Primary tabs
Düýe malynyň türkmen topragynda haçan peýda bolanlygy nirede, näwagt ýaşandygy barada, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň baýry ylmy işgäri, Türkmenistanyň belli paleontology Aman Nigarow “Düye malynyň gadymy yzlary” atly ylmy makalasyny ýazýar. Onda türkmeniň eý görýän düýesiniň nesilbaşylarynyň 2,5 million ýyl mundan öň Gäwürli jülgesinde ýaşap geçenligini aýdýar. Beýle netijä gelinmegine düýeleriň daşyň ýüzünde galdyran aýakyzlary esas bolýar. Diýmek, köklerini gadymýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan düýe malynyň Türkmenistanyň çäklerinde dürli döwürlerde ýaşap geçendigine hiç şübhe galmaýar.
Miladydan öňki II müňýyllyklarda Marguş döwletinde hem iki örküçli düýeleriň bolanlygyna gymmatly tapyndylar we taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär. Marguşyň merkezi şäheri Goňurdepede gazuw agtaryş işleriniň dowamynda erkek we aýal adamynyň jaýlanan mazarynda, erkek adamyň kellesiniň golaýynda oňa peşgeş hökmünde berlen gymmatly şahsy enjamlaryň – kümüş we faýans bilezikleriň, piliň süňkünden ýasalan daragyň, faýansdan edilen pyşbaganyň çanagynyň, kümüş bulgur we bürünç gaplaryň üsti açylýar. Olaryň arasynda ýöräp barýan düýäniň şekili şekillendirilen ajaýyp iňňebagjyk (11,5х3,8sm) hem tapylýar. Kümüşden ýasalan düýe iki örküçli bolup, onuň kellesine ýakyn örküjinden ýokarlygyna iňňebagjygyň santgyjy uzalyp gidýär. Bu santgyç görnüşdäki iňňebagjyk erkek adamyň eňeginiň aşak ýanynda ýerleşenligini nazara alsak, iňňebajyk onuň egin-eşiginiň ýakasyna ildirilendigini çaklamak kyn däl. Bu iňňebagjyk ýöne bir bezeg şaýy bolman, eýsem, ildirgijiň başyna berkidilen kindiwanja düýe heýkeljigi öz sungatlarynyň inçe syrlaryndan gowy baş çykaran heýkeltaraşlaryň ellerinden çykan sungat eseri. Bu bolsa düýäniň hojalykda saklanylýan ýöne bir mal bolman oňa aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde düýe bilen bagly gymmatlyklaryň täsin nusgalary Marguş döwletine bagyşlanan sergi bölüminde görkezilýär. Olaryň arasynda düýäniň şekili ýerleşdirilen gymmatlyklaryň birnäçesi bar. Goňuryň gonamçylygynyň gizlin ýerinden gap-gaçlaryň gymmatly hazynanyň üsti açylýar. Ol ýerden tapylan 24 sany gaplaryň 5-si mis we bürünçden, 17-si kümüşden 2 sanysy bolsa altyndan ýasalypdyr. Olaryň arasynda kümüşden ýasalan silindir görnüşli uly bulgur has tapawutlanýar. Onuň ýüzünde relýef usulynda iki örküçli iki sany düýäniň ynamly ýöräp barýan keşbiniň şekillendirilmegi, gadymy suratkeşiň düýe malyna bolan hormatyny we söýgüsini aýan edenligini görkezýär. Bu inçelik bilen şekillendirilen taryhy eserleri gadymy döwrüň sungat mekdebiniň genji-hazynasynyň hataryna goşmak bolar. Bulguryň we beýleki kümüş gaplaryň ählisiniň düýbünde ikiörküçli düýäniň gapdal tarapyndan şekillendirilen keşbi ýerleşdirilipdir. Kä bir gapda düýäniň şekiliniň ýokarsynda ýa-da aşak ýanynda ýaý görnüşli üçburçlyk hem gabat gelýär. Bu ýaýyň şekili şol gaplary ýasan ussanyň tagmasy ýa-da düýäniň tagmasy bolmagy ähtimal. “Gaplarda düýe malynyň şekillendirilmegi bu haýwanyň gadymy marguşlylarda möhüm orun eýeländigine şaýatlyk edýär. Ýene bir bellemeli zat, düýäniň şekilleri örän şertli, bary-ýogy birnäçe çyzyklar bilen çekilipdir. Bunuň özi şol şekilleriň kämil we gözel bolmagyna üns berilmedigini olaryň diňe simwolik häsiýete eýe bolandygyny görkezýär. Bu bolsa düýäniň otparazlarda möhüm orun eýeländiginiň subutnamasydyr” diýip belli arheolog W.I.Sarianidi belläp geçýär. Düýäniň şekillendirilmegi ýöne ýere däl bolsa gerek. Awestanyň ýazgylaryndan çen tutsaň düýe maly irki otparazlar üçin iň hormatlanýan haýwanlaryň biri bolupdyr. Onuň Zaratuştra pygamberiň ady bilen bagly bolmagy (çaklamalarda Zaratuştrany sözme-söz terjime edilende “sary düýeleriň eýesi” ýa-da “köne düýeli” diýen manyda terjime edilýär) düýäniň keramatly hasaplanylmagyna esas bolan bolmagy mümkindir.
Togalak 21 ady berilen ilatly ýerde gazuw agtaryş işleri geçirilende onuň günorta böleginden daşdan ýasalan täsin tumar (möhür hökmünde hem ulanylypdyr) muzeýi görmäge gelen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Tumar daşky görnüşi uzyn boýnuny arka öwürip, yzky aýagyny ýalap duran düýäniň şekilinde ýasalypdyr. Tumaryň täsinligi onuň üç tarapynyň şekilli bolmagy - ýüz tarapy, arka tarapy we aşagy. Onuň ýüz tarapy relýef (güberçek usulda nagyşlamak) usulynda düýäniň bedeniniň her bir ýerini inçelik bilen jikme-jik şekillendirilipdir. Düýäniň başyndaky jygasy, örküçleriniň ikisiniň hem ýörüte düýe halyk bilen bezelmesi onuň dabaraly baýram düýesidigini aňladýar. Tumaryň arla tarapy tekiz onuň ýüzünde oýup çyzmak usulynda tematiki kompozisiýanyň (sahnanyň), gynanasak-da, bir bölegi saklanyp galypdyr. Kompozisiýanyň merkezinde guýrugyny ýokaryk galdyryp gaharly molap duran öküzin şekili ýerleşdirilipdir. Ýokardan üç sany guş (bürgüt bolmagy ähtimal) öküziň üstüne okdurylyp gelýär. Öküziň yzynda bökýän adamyň (belki-de akrobatdyr) aýagynyň şekili bölekleýin saklanyp galypdyr. Tumaryň aşagynda ýaý atyjynyň aw sahnasy görkezilýär. Bu sahnada mäkäm dartdyryp çekilen ýaýy we oky, şeýle hem daga dyrmyşyp barýan dag goçuny hem-de ony yzarlap barýan aw itini şekillendirilýär. Daşy oýup surat çekmek usulyny kämil derejä ýetiren marguşly ussa kiçijik bir daşyň böleginiň üç tarapyny peýdalanmak bilen, köp manyly sahnany ýerleşdirmegi başarypdyr.
Muzeýiň arheologiýa gymmatlyklarynyň arasynda bürünçden ýasalan tutawaçly aýnanyň gaby bar. Ol döwürlerde marguşlylar ýüz görülýän aýnanyň ýerine süpürip ýalpyldadylan, tegelek, ýasy bürünç metalyny ulanypdyrlar. Şeýle aýnalaryň kä birine bürünçden gap ýasapdyrlar. Muzeýiň gaznasyndaky aýna gabynyň (ölçegi 37x19sm) aýratynlygy onuň tutawajy iki sany inçe, uzyn turbajykdan emele gelýär. Iki örküçli düýäniň şekili tutawajyň ortaragynda ýerleşdirilipdir.
Goňur I tapylan toyundan ýasalan düýäniň şekilindäki gap (ölçegi 30x29sm) täsin. Onuň içine 1,5-2 litre golaý suwklyk guýmak üçin niýetlenen bolmaly. Gap gündelik durmuşda ulanmak üçin ýasalmandygy belli, çünki ýukajyk we döwülgen. Ony belli bir däp-dessurlarda ýa-da dini çärelerde içmek üçin ýörüte ýasalan suwklyk guýulan bolmagy ähtimal.
Muzeýiň Marguş bölüminde agzalanlardan başga-da düýäniň toýundan kiçijik heýkelleriniň birnäçesi görkezilýär. Bu arheologiýa tapyndylaryň her biri öz döwri barada gymmatly taryhy maglumatlary özlerinde jemleýärler. Ol maglumatlary öwrenip geljekki nesillere ýetirmek muzeý işgärleriniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Oraznabat Saparowa
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň bölüminiň müdiri