DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI

DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI

 

Muzeý 1974-nji ýylyň 1-nji iýulynda açyldy. Muzeýiň täze binasy 2011-nji ýylyň 20-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda onuň gaznasynda 7000-e golaý muzeý gymmatlygy saklanylýar. Muzeýiň ekspozisiýasy Daşoguz welaýatynyň özboluşly taryhy hem-de etnografik aýratynlyklaryna görä gurnalandyr.

Galkynyş bölümi welaýatyň durmuşynda bolup geçen wakalary, amala aşyrylýan tutumly işleri, gazanylan üstünlikleri hem-de ýetilen sepgitleri teswirlemekde, hemmetaraplaýyn beýan etmeklige bagyşlanandyr.

Tebigat bölümi welaýatyň tebigatynyň, ösümlik dünýäsiniň aýratynlyklaryny, özboluşly taraplaryny, ýer üstüniň gurluşyny görkezmeklige bagyşlanylýar. Bölümde ýerleşdirilen esbaplar, fotosuratlar, haýwanlaryň, guşlaryň gäpleri, topragyň, dag daşlarynyň dürli görnüşleri, welaýatyň tebigatynyň özboluşlygyny, özüne mahsus aýratynlyklaryny, diýseň täsin gaýtalanmajak dünýäsini şeýle giňligi hem-de täsirliligi bilen tomaşaçynyň aňyna ýetirýär.

Taryh bölümi welaýatyň çäginde bar bolan arheologiýa we arhitektura ýadygärlikleriniň kartasynda Gutlug Temiriň minarasy, Törebeg hanymyň aramgähi, Il Arslanyň, Nejmeddin Kubranyň, Tekeşiň, Soltan Alynyň, Pirýar weliniň kümmetleri, galadyr şäherleriň, kitaphanalaryň, kerwensaraýlaryň yzlary, bürünç eýýamyndan tä XIII asyra çenli döwri öz içine alýan gymmatly arheologik tapyndylary görkezilen.

Etnografiýa bölüminde ekerançylyk, maldarçylyk, suwaryş ulgamy, haly we keçe önümleriniň nusgalary, türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny görkezýän görnüşler, gelin-gyzlaryň egin-eşikleriniň we dakynýan bezeg şaýlarynyň görnüşleri senetçiligi we külalçylygy suratlandyrylan dioramalar ýerleşdirilendir. bölümde aýdym-saz medeniýetine görnükli orun berilýär. welaýatyň meşhur tirmeçi we dessançy bagşylaryna bagyşlanan witrinalar muzeý ekspozisiýasynyň iň gyzyklanylyp synlanylýan ýerleridir.