LEBAP WELAÝATYNYŇ TARYHY WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI

LEBAP WELAÝATYNYŇ TARYHY WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI

 

Muzeý 1967-nji ýylyň noýabryndan bäri hereket edýär. Şol döwürde ol Türkmenabat şäheriniň merkezindäki, ozalky Hajy Mälik metjidiniň jaýynda ýerleşipdir. Onuň täze binasy 2011-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasy bilen dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi.

Muzeý sergi bölümlerinde sinhron görnüşde terjime etmek üçin niýetlenilen enjam bilen üpjün edilen. Garaşsyzlyk bölüminde welaýatyň syýasy durmuşy bilen bagly habarlaryň maglumatlaryň toplumy, suratlar, ýazgylar, dürli gymmatlyklar hem-de olar baradaky ylmy maglumatlar görkezilýär. Gaznalarynda 20 müňden gowrak muzeý gymmatlygy saklanylýar.

Etnografiýa bölüminde halkyň gadymy ýaşaýyş durmuşy, maddy we medeni gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Ekspozisiýasynda halkyň irki döwürlerden dowam edip gelýän ekerançylyk, maldarçylyk, ussaçylyk, dokmaçylyk sungaty hem-de müňýyllyklaryň dowamynda hereket eden Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Gündogar bazary we türkmen durmuşyny şöhlelendirýän dioramalar görkezilýär. Bezeg şaýlar, haly önümleri, misden, toýundan we agaçdan ýasalan gap-gaçlar, keteni matasyndan tikilen milli egin-eşikler, olardaky ajaýyp owadan nagyşlar, kürtedir çyrpylar, saz gurallary we olary ýasamakda ulanylýan enjamlar we çig mallar muzeýi görmäge gelýän adamlarda uly gyzyklanma döredýär.

Tebigat bölümi Lebap welaýatyndaky Repetek, Amyderýa, Köýtendag döwlet goraghanalarynyň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň aýratynlyklary barada düşünje berýär. Hojapil obasynyň golaýyndaky üstünden 150 million ýyl geçen dinozawrlaryň aýak yzlarynyň biriniň asyl nusgasynyň topragy bilen getirilip muzeýde goýulmagy muzeýiň artykmaçlygydyr.

Arheologiýa bölüminde Amul şäheri, Astanababa, Alamberdar gümmezleri, Idrisbaba medresesi, Daýahatyn kerwensaraýy, Dargangala ýadygärlikleri hakynda gyzykly maglumatlar gürrüň berlip, şol ýadygärliklerden tapylan keramiki küýzeler, toýundan ýasalan zenan heýkelleri, pil süňküniň galyndylary, humlar görkezilýär.