MARY WELAÝATYNYŇ TARYHY WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI

MARY WELAÝATYNYŇ TARYHY WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI

Muzeý 1986-nji ýylda döredilýär. 1986-njy ýylda bu muzeýe Türkmengala etrabynyň “27-nji oktýabr” daýhan birleşigindäki taryhy muzeý, Murgap etrabynyň “Şordepe” daýhan birleşigindäki Türkmenistanyň halk şahyry Ata Salyhyň edebi-memorial muzeýi, Baýramaly şäheriniň we Ýag kombinatynyň taryhy muzeýi, şeýle hem Baýramaly etrabynyň “Mekan” daýhan birleşigindäki taryhy-arheologik muzeýi şahamça hökmünde birleşdirilýär we ol 1990-njy ýylda Mary welaýat birleşen muzeýi diýlip atlandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen gurlan muzeýiň täze binasy 2010-njy ýylyň 15-nji fewralynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda muzeýiň gaznalarynda türkmen halkynyň taryhy, medeni we sungat ýadygärliklerine degişli gymmatlyklaryň 40 müňden gowragy saklanylýar. Muzeýde 6 sany sergi bölümi hereket edýär.

Garaşsyzlyk bölümi häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýetilen täze sepgitleri, ösüşleri beýan edýär. Welaýatyň tebigatyna bagyşlanan bölümde welaýatyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ähli görnüşleriniň özboluşly kolleksiýasy toplanandyr.

Arheologiki ekspozisiýasynda türkmen topragynyň mezolit döwründen başlap, (biziň e.ö. XI-VII müňýyllyklar) – XVIII asyra çenli taryhy görkezilýär.

Türkmen halkynyň durmuşynyň hojalyk ýagdaýyny doly açyp görkezýän milli ak öý, türkmen keçesiniň taýýarlamak üçin ulanylýan enjamlar, saz gurallary we gadymy ýaraglaryň ýygyndysy etnografiýa bölüminde görkezilen.

Şekillendiriş sungaty bölüminde taryhy temadan çekilen nakgaşçylyk eserleri, gündogar miniatýuralary, gobelenler, şeýle hem grafika, keramika we heýkeltaraşlyk eserleri bar. Arheologiki ekspozisiýasynda türkmen topragynyň mezolit döwründen başlap (biziň e.ö.XI-VII müňýyllyklar)-XVIII asyra çenli taryhy görkezilýär.