Primary tabs
“HALK HAKYDASY” ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMYNDAKY
“WATAN MUKADDESLIGI” MUZEÝI
Ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk esasda terbiýelemek we Türkmenistanyň milli gahrymanlarynyň hatyrasyna 2014-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabadyň ajaýyp ýerinde ýadygärlikler toplumyny we muzeýi öz içine alýan memorial toplum dikeldildi.
Muzeýiň ekspozisiýasy 1881-nji ýylyň Gökdepe söweşi, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwri barada gürrüň berýär. Ol ýerde sowuk we ot açýan ýaraglaryň, eşikleriň toplumy, harby esbaplar, arhiw resminamalary we söweş dioramalary görkezilýär. Şeýle-de muzeýde 1948-nji ýyldaky aýylganç ýer titremesiniň görnüşi suratlarda görkezilen. Bularyň hemmesi weýran bolan jaýlaryň nusgalary hem-de dikeldilen şäheriň keşbi foto-resminamalaryň üsti bilen görkezilýär.
Muzeýiň ekspozisiýasy Türkmenistanyň muzeýleriniň esasy usulyýet merkezi bolan “Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň” işjeň ýardam bermegi netijesinde amala aşyryldy.