TÜRKMENISTANYŇ ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝI

TÜRKMENISTANYŇ ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY MUZEÝI

1927-nji ýylda “Türkmenistanyň Döwlet ülkäni öwreniş” muzeýinde şekillendiriş bölümi açylýar. 1939-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda aýratyn “Şekillendiriş sungaty” muzeýi hökmünde döredilýär. Muzeýiň gaznasynyň düýbi 1927-nji ýylda rus suratkeşi A.A.Kareliniň eserleriniň esasynda tutulýar. Ilkinji günlerden başlap, bu muzeý milli sungat bölümini döretmäge girişýär we 1942-nji ýylda muzeý gymmatlyklarynyň özeni Döwlet halyçylyk birleşiginden we Ülkäni öwreniş muzeýinden getirilen halylardan, keşde nagyşlardan, zergärçilik önümlerinden ybarat bolup, soňra Türkmenistanyň dürli etraplarynyň ilatyndan toplanan dürli önümler bilen baýlaşdyrylypdyr.

Türkmenistanda 1920-nji ýylda döredilen “Gündogar Sungatynyň Zarpçy Mekdebinde” bilim alan suratkeşleriň, nakgaşlaryň eserleri muzeý gaznasynda orun alyp başlaýar. Bu muzeýiň daşary ýurt sungaty bölüminde günbatar ýewropa, rus sungatyna degişli eserler, şeýle hem gündogaryň, ýagny, Hindistanyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň amaly-haşam sungatyna degişli işler görkezilýär. Muzeý öz gymmatlyklary bilen daşary ýurtlarda hem göçme sergileri gurapdyr.

1998-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda “Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi” özbaşdak muzeý görnüşinde işini togtadandan soňra, muzeý gymmatlyklary täze döredilen “Türkmenistanyň Milli muzeýine” geçirilýär. Şol ýyldan tä 2005-nji ýyla çenli “Milli muzeýiň” şekillendiriş sungaty bölüminde sergilenýär we gaznalarynda goralyp saklanylýar. 2005-nji ýylyň 17-nji fewralynda “Şekillendiriş sungaty muzeýiniň” döredilmegi we muzeýiň täze binasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen, öňki “Şekillendiriş sungaty muzeýiniň” gymmatlyklary täze muzeýe ýörite resminamalar esasynda tabşyrylýar we muzeý gymmatlyklary giň göwrümli täze mümkinçilikleri bolan ekspozisiýada  sergilenip görkezilýär.