Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2020-nji ýylyň 28-nji fewralynda «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli «Bitaraplyk mekany – jan Watan Türkmenistan» atly ylmy- amaly maslahat geçirildi

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly beýik ösüşleriň şuglasy bilen barha rowaçlanýar. Bitaraplygyň gazananlary durmuşa ornaşdyrylyp, ol barha kämillige, uly ösüşlere eýe bolýar. Muňa ýurdumyzda bolup geçýän wakalar hem doly şaýatlyk edýär. Aslynda-da, Bitaraplyk – ol türkmeniň milli ýörelgelerinden gelip çykýan we şoňa esaslanýan dereje. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän, ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, ynanyşmak, bähbitlere hormat goýmak ýaly milli däpleri uzak geljegi nazarlaýan döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli eziz Watanymyza buýsanç we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli «Bitaraplyk mekany – jan Watan Türkmenistan»  atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň tanymal syýasatçylary, döredijilik adamlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow açdy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gurnalan «Bitaraplyk mekany – jan Watan Türkmenistan» atly maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi barada, Türkmen Bitaraplygynyň ýurtda abadançylygy we asudalygy berkarar etmek bilen, ylalaşdyryjy merkez hökmünde hem täze belent derejelere eýe bolandygy barada maslahata gatnaşan myhmanlar örän täsirli maglumatlar bilen çykyş etdiler.

         Bu maslahatda – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we taryh institutynyň direktorynyň orunbasary, taryh ylymlarynyň kandidaty Handurdy Gurbanow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň bölüm müdiri Pena Aşyrow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Indira Gandi adyndaky Aşgabadyň Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy Mahym Gubiýewa, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwran Agalyýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Taçnabat Paýtykowa çykyş etdiler.

Şeýle hem maslahata Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň işgärleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary, Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.