2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 56-njy orta mekdepde «Guşlar – ganatly dostlar» atly sergi gurnaldy.

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergiler gurnaýarlar hem-de sapaklar geçirýärler.

 2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölümi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 56-njy orta mekdepde «Guşlar – ganatly dostlar» atly göçme sergisi gurnaldy.

Türkmenistanyň haýwanat dünýäsinde guşlar görnüş dürlüligi babatda aýratyn tapawutlanýarlar. Ýurdumyzda guşlar dünýäsini öwrenmekde yzygiderli geçirilýän ylmy gözegçilikleriň netijesine görä, olaryň görnüş sanynyň barha artýandygyny bellemelidiris.

 Bu göçme sergide biziň ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleri, gäpleri görkezildi hem-de guşlar barada giňişleýin gürrüň berildi. Olaryň höwürtgeleri we ýumurtgalary, gäpleri sergide ýerleşdirildi.

Çagalar sergide guşlaryň her görnüşiniň biologiki aýratynlygy, olaryň ýaýran ýerleri, iýmitlenişi, höwürtgeleýşi we göçüş möwsümleri barada tanyşdylar.

Ondan başga-da muzeýiň ylmy işgärleri guşlaryň tebigatda we adamyň ýaşaýşynda bolan ähmiýeti hem-de seýrek duş gelýän guşlary goramakda Döwlet goraghanalarynda alnyp barylýan işleri barada gürrüň etdiler.

Ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde halkymyzyň baý taryhy ruhy goldaw berýär, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýagty geljege bolan ynamyny artdyrýar. Ata-babalarymyzdan galan milli mirasymyza uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz muzeý gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan öwrenmäge, aýawly saklamaga, dünýä ýaýmaga ähli şertler döretdi. Medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda edýän bimöçber aladalary üçin hormatly Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys! Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Il-ýurt ähmiýetli tutýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!