2020-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda muzeýde gurnaklaryň nobatdaky sapaklary geçdi

 

«Ýaş tebigatçy» gurnagynda çagalar tuýa agajynyň ekilişi bilen tanyşdylar. Öňünden taýýarlap goýulan we her okuwçynyň ady ýazylan gül küýzeleri, tohumlary, çagyl, toprak we çäge paýlandy. Soňra Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ylmy işgärleri çagalara tuýanyň tohumynyň ekilişini we geljekde şitillere ideg etmegi öwretdiler.

«Ýaş taryhçy» gurnagynda çagalara «Marguş atşynaslygyň mekanydyr» atly tema boýunça sapak berildi. Marguş döwletinde atşynaslygyň ýüze çykmagy we atlary seýislemegiň usullary, ol ýerden tapylan surnaýlar dogrusynda gürrüň berildi. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyndan ugur alnyp, okuwçylara gyzykly maglumatlar ýetirildi. Sapagy has-da tejribe ýüzünde berkitmek maksady bilen okuwçylar Döwlet muzeýiniň Marguş bölümine ekskursiýa aýlandylar. Öwredilen zatlaryň okuwçylaryň hakydasynda galmagy we geçilenleri berkitmek maksady bilen olaryň aralarynda barlagnama esasynda sorag-jogaply bäsleşik geçirildi.

«Ýaş suratçylar» gurnagynda okuwçylar sapagyny Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekspozisiýasynda dowam etdiler.