2020-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdepde «Milli mirasa sarpa» atly sergi gurnaldy.

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda , orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergiler gurnaýarlar hem-de sapaklar geçirýärler. 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň 29-na Döwlet muzeýiniň medeni aň-bilim işleri bölüminiň ylmy işgärleri Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdepde «Milli mirasa sarpa» atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnadylar.

Sergide Döwlet muzeýiniň maddy medeniýet gaznasynda saklanýan birnäçe gymmatlyklar, şol sanda horjunlar, çuwallar, halyçalar, milli egin-eşikler, milli saz gurallarymyz, haly dokamakda ulanylýan birnäçe esbaplar, ýumaklar, ikler, türkmen halkynyň geçmişde hojalygyny dolandyrmakda ulanan birnäçe hojalyk esbaplary hem-de biziň ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň dürli görnüşleri, bezeg daşlary sergilenildi. Sergide Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri ýaş nesillere türkmen halkynyň taryhy, onuň milli däp-dessurlary, edim-gylymlary barada muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen gyzykly gürrüňler berdiler. Ýaş nesiller hem öz gezeginde okamaga, döretmäge , türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyny, däp-dessuryny öwrenmäge we gözüň göreji deýin gorap saklamaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sag bolsun aýtdylar.