«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda «Türkmenistanyň parahatçylyk, dost-doganlyk syýasaty» atly duşuşyk we söhbetdeşlik

 

Eziz Diýarymyzda sepleşip gelýän ýyllaryň ählisi haýyrly maksatlary öňde goýmak bilen başlanýar. Bu ýyla hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany» diýlip at berildi.

Garaşsyzlyk ýyllarymyzda Bitaraplyk derejämiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy. Konstitusiýamyzyň ilkinji maddasynda ýurdymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň içeri we daşary syýasatymyzyň esasydygy kesgitlenildi. Döwlet baýdagymyzda zeýtun baldajyklarynyň şekillendirilmegi we Döwlet senamyzyň Bitaraplyk derejämiz bilen şöhlelenmegi aýratyn bellärliklidir.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji ýyllarynda Bitaraplyk derejesine eýe boldy. Biziň Bitaraplygymyzyň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi örän buýsandyryjydyr. 1995-nji ýylda BMG-nyň Baş Assambleýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýa şol döwürde gurama agza 185 döwlet tarapyndan biragyzdan goldanylan bolsa, 2015-nji ýylda 193 döwlet tarapyndan biragyzdan kabul edildi.        

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti we Türkmenistanyñ Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilelikde «Türkmenistanyň parahatçylyk, dost-doganlyk syýasaty» atly duşuşyk we söhbetdeşlik guradylar.

         «Türkmenistanyň parahatçylyk, dost-doganlyk syýasaty» atly duşuşyk hem-de söhbetdeşlik örän gyzykly hem täsirli geçdi. Söhbetdeşligi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň taryhy ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary M.Amanberdiýewa alyp bardy. Duşuşykda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Guramaçylyk ösüşi bölüminiň müdiri O.Garlyýewa,Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni B.Baýramdurdyýewa, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni A.Myradowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň I derejeli kitaphanaçysy O.Orazdurdyýewa çykyş etdiler.

 Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri we meýletinçileri, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bolup, Türkmenistanyň taryhy döwürleri, tebigy aýratynlyklary, etnografiýasy, milli däp-dessurlary, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen sepgitler bilen tanyşdylar, muzeý işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.