2020-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda muzeýde gurnaklaryň nobatdaky sapaklary geçdi

 

«Ýaş tebigatçy» gurnagynda okuwçylar Türkmenistanyň çäginde tapylan gadymy haýwanlaryň we ösümlikleriň daşa öwrülen galyndylary bilen tanyşdylar. Olaryň arasynda gadymy deňiz kirpileri, balykgulaklar, ammonitler, belemnitler we daşa öwrülen agaç bar. Çagalara bu täsin gadymy daşlaşan haýwanlaryň galyndylaryny öz elleri bilen ellemek mümkinçiligi döredildi.

«Ýaş taryhçy» gurnagynda çagalara «Pul ulgamynyň emele gelşi» atly tema boýunça sapak berildi. Parfiýa döwletiniň teňňeleri we Orta asyrlar döwründe tapylan pullaryň taryhy, pullaryň ähmiýeti, olaryň ýasalyş usullary, teňňeleriň ýüzündäki şekilleriniň many-mazmuny, tapyndylara aýawly çemeleşilişi dogrusynda gürrüň berildi. Öwredilen zatlaryň okuwçylaryň hakydasynda galmagy we geçilenleri berkitmek maksady bilen olaryň arasynda barlagnama esasynda sorag-jogaply bäsleşik geçirildi.

Çagalar nobatdaky «Ýaş suratçylar» gurnagynda sapagyny Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekspozisiýasynda şekillendiriş sungaty temasyny geçdiler. Ekskursiýa geçenlerinden soň ýaş suratçylar muzeýiň witrinalaryndaky guşlaryň suratlaryny çekdiler. Olar guşlaryň suratlaryny hakyky bolşy ýaly owadan çekmegi başardylar.