Primary tabs
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň dünýä derejesinde dabaralanýan zamanasydyr. 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny şöhratlandyrmak we raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek jähetinden buýsandyryjydyr. Hemişelik Bitaraplyk derejesi adamzadyň gymmatly ynsanperwerlik, parahatçylyk, özara düşünişmek, dost- doganlyk ýörelgelerini berkarar edýär. Türkmen halky özüniň baý geçmiş taryhynyň dowamynda parahatçylyk söýüji, hoşniýetli häsiýeti bilen özüni dünýä giňden tanatdy. Bitaraplyk düşünjesi we ýörelgeleri türkmen halkynyň durmuşynda parasatly pederlerimizden gözbaş alyp gaýdýar. Halkymyz hemişe ynsanperwer ýörelgelerden, dostlukly gatnaşyklardan ugur alypdyr. Daş-töwereginde dostlaryny köpeldip, agzybirlige gol berip ýaşapdyr.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň- bilim işleri bölüminiň işgärleri türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhy, medeni, milli we tebigy gymmatlyklaryny gorap saklamakda, giňden wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde uly işler alyp barýarlar we dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, mekdeplerde, orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergiler hem gurnaýarlar.
Şu gün, 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň 21-inde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň ylmy işgärleri tarapyndan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Bitarapdyr Arkadagly bu Watan!» atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnaldy. Sergide Döwlet muzeýiniň Maddy medeniýet gaznasynda saklanýan birnäçe gymmatlyklar, olardan : haly we haly önümleri, milli egin-eşikler, milli saz gurallarymyz, dokmaçylykda ulanylýan birnäçe esbaplar, ýumaklar, ikler we beýlekiler goýuldy. Serginiň görnükli ýerinde bolsa berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, asuda ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän birnäçe şekilli halylar görkezilýär. Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri talyp- ýaşlara türkmen halkynyň taryhy, onuň milli däp-dessurlary, edim- gylymlary, ynsanperwer gatnaşyklar barada muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen gyzykly gürrüňler berdiler. Talyp-ýaşlar hem öz gezeginde okamaga, döretmäge, türkmen halkynyň bäş müňýyllyk şöhratly taryhyny, däp-dessuryny öwrenmäge, gözüň göreji deýin gorap saklamaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sag bolsun aýtdylar.