Primary tabs
«Ýaş tebigatçy» gurnagyň okuwçylary sapaklarynda Goşatoýnaklylar toparyna degişli ýabany we öý haýwanlary bilen tanyşdylar. Ýörite ekranda taýýarlanan suratlaryň kömegi bilen olar goşatoýnaklylaryň dürli görnüşlerini we olaryň aýratynlyklaryny öwrendiler. Sapagyň dowamynda dünýäde we Türkmenistanda duş gelýän goşatoýnaklylar we täktoýnaklylar bilen tanyşdylar, okuwçylara olaryň tebigatdaky ähmiýeti barada maglumat berildi. Geçilen sapagy berkitmek üçin çagalar bilen sorag-jogap alşyldy.
«Ýaş taryhçy» gurnagynda çagalara «Muzeýiň gaznasyndaky ritonlarda durmuşy sahnalaryň suratlandyrlyşy» atly tema boýunça sapak berildi. Köne Nusaý şäherinde şirmaýydan ýasalan önümiň bölekleriniň tapylyşy, rejeleýiş we dikeldiş işleriniň geçirilişi, tapyndylara aýawly çemeleşilişi dogrusynda gürrüň berildi. Şeýle-de ritonlaryň tehniki ýasalyş tilsimleri, olaryň hojalyk durmuşynda ulanylyşy, frizlerdäki şekilleriň analizleri barada aýdyldy. Öwredilen zatlaryň okuwçylaryň hakydasynda galmagy we geçilenleri berkitmek maksady bilen olaryň aralarynda barlagnama esasynda sorag-jogaply bäsleşik geçirildi.
«Ýaş suratçylar» gurnagynda okuwçylar «Älem giňişligindäki fantaziýa» atly tema boýunça surat çekdiler. Çagalar öz islegleri boýunça bir tema saýlap aldylar we mugallym olaryň öz fantaziýalaryny kagyzyň ýüzinde beýan etmekleri üçin dürli usullary görkezdi.