Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Bitarap döwletiň bagtyýar nesilleri» atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnadylar.

 

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2020-nji ýyl «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyryldy. Şu ýylyň Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagy, ýöne ýerden bolman, ol köptaraply ýordumlardan ugur alandyr. Sebäbi, bu gojaman taryhda türkmen halky parahatlyk söýüjilikde, ynsanperwerlikde özüni tanadan halkdyr. Şeýle ýörelgelerden ugur alyp, nesil terbiýelän, ýetmişden gowrak döwlet guran türkmen halky XX asyryň ahyrynda binýady berkden tutulan Garaşsyz hem hemişelik Bitarap döwletiň eýesi boldy. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 25 ýyl dolýar. Bu şanly baýramçylyga häzirden Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi öz mynasyp goşandyny goşyp, sowgatly barýar.

Diýarymyzyň Merw, Nusaý, Köneürgenç, Abiwert, Sarahs, Dehistan ýaly gadymy şäherlerinde, obadyr kentlerinde dana pederlerimiziň okamaga bolan hyjuwdyr söýgüsi ylym-bilimiň gülläp ösmegine uly itergi beripdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda okuwçylary okatmakda dünýäniň iň kämil enjamlarynyň kömegi bilen täze usulyýetler ulanylýar. Şolaryň arasynda multimedia tagtasyny, okatmagyň interaktiw usullaryny bellemek bolar. 1-nji synplara kabul edilen çagalara okuw kitaplary we esbaplary bilen birlikde, kompýuterler sowgat berilýär.

 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça edara-kärhanalarda, Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, orta we ýokary okuw jaýlarynda yzygiderli göçme sergiler hem gurnaýarlar. Ynha, şu gün 2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň 8-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň medeni aň-bilim işleri bölüminiň ylmy işgärleri sergi bölüminiň işgärleri bilen bilelikde Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Bitarap döwletiň bagtyýar nesilleri» atly muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi gurnadylar. Sergide Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň maddy -medeniýet gaznasynda saklanýan gymmatlyklardan horjunlar, çuwallar, halyçalar, milli egin – eşikler, milli saz gurallarymyz, haly dokamakda ulanylýan birnäçe esbaplar, ýumaklar, ikler, türkmen halkynyň geçmişde hojalygyny dolandyrmakda ulanan birnäçe esbaplary, haly pannolar görkezildi. Serginiň görnükli ýerinde bolsa hormatly Prezidentimize körpeje nesillerimiz tarapyndan çagalar baglarynyň we sagaldyş dynç alyş merkezleriniň açylyş dabaralarynda sowgat berlen birnäçe dürli görnüşdäki çaga oýnawaçlary ýerleşdirildi. Sergide Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri ýaş nesillere türkmen halkynyň taryhy, onuň milli däp-dessurlary, edim- gylymlary barada muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen gyzykly gürrüňler berdiler. Körpe nesiller hem öz gezeginde okamaga, döretmäge , türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhyny, däp-dessurlaryny öwrenmäge, gözüň göreji deýin gorap saklamaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sag bolsun aýtdylar.