Türkmen-türk medeni gatnaşyklary ýaýbaňlanýar

Taryhy we däp-dessurlary umumy bolan Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy gumanitar hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Täze taryhy eýýamda medeniýet, bilim, ylym ýaly wajyp ähmiýetli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Iki ýurduň alymlary Türkmenistanda we Türkiýede geçirilýän ylmy maslahatlara işjeň gatnaşýarlar, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler, iki halkyň Medeniýet günleri we amaly-haşam sungatyna degişli sergileri yzygiderli guralýar.

Ynha bu gezek Türkiýe Respublikasynyň Siwas hem-de Erzurum şähelerinde 9-njy iýuldan 16-njy iýul aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi.

Medeniýet günleriniň dabaralaryna Siwas şäherinde badalga berildi. 10-njy iýulda bu ýerde täsirli çäreleriň üçüsi geçirildi. Olaryň ikinjisi Şemsi-Siwas kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gymmatlyklaryndan hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungat eserlerinden gurnalan sergidir. Onda şäheriň ýaşaýjylaryna türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň, milli gymmatlyklarynyň iň naýbaşy eserleri hem-de fotosuratlar görkezildi. Dabaralara Siwas welaýatynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Medeniýet günleri soňra Erzurum şäherinde dowam etdi. 13-nji iýulda Erzurum şäheriniň Atatürk uniwersitetiniň medeniýet merkezindäki sergiler jaýynda ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň we fotosuratlaryň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Türkmen milli gymmatlyklarynyň sergisine erzurumly ýaşaýjylar, abraýly adamlar, şäheriň ýolbaşçylary gatnaşdylar we olar serginiň özboluşly aýratynlygy, ajaýyp gymmatlyklar barada gowy sözler aýdyp hoşallyk bildirdiler.