Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Konstitusiýa we türkmen baýdagy – döwletliligiň bitewüligi» atly sergi gurnaldy

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni «Türkmenistan –Rowaçlygyň Watany» ýylynda hem dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. 2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlap «Konstitusiýa we türkmen baýdagy – döwletliligiň bitewüligi» atly sergi açyldy.

Baýramçylyk sergisi muzeýiň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklaryň esasynda taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiziň portretine, Döwlet baýdagymyza, Döwlet tugramyza, olar hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan göçürmelere, 2008-nji ýylyň iyun aýynda muzeýiň öňündäki meýdançada dikilen, Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynda iň beýik flagştog ady ebedileşdirilen Döwlet baýdagymyzyň suratyna serginiň görnükli ýerinde orun berildi. Mundan başga-da sergide türkmenleriň guran birnäçe döwletleriniň, Oguz türkmenleriniň beýik Hun döwletiniň, Garahanly türkmenleriniň, Gaznaly türkmenleriniň, Beýik Seljuk türkmenleriniň, Köneürgenç türkmenleriniň, Eýýuby türkmenleriniň, Memluk türkmenleriniň, Osmanly türkmenleriniň, Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriniň, Sefewi türkmenleriniň, Awşar türkmenleriniň döwletleriniň baýdaklarynyň suratlaryny görmek bolýar. Şeýle hem sergide baýdak Baýramy mynasybetli geçirilen baýramçylyklarda düşürilen fotosuratlary synlamak bolýar. Baýramçylyk sergisinde hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan kitaplary, ussat nakgaşlaryň eserleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik, sungat eserleri, Garaşsyzlygymyzyň ösüş esasyny wasp edýän, çeper elli halyçylarymyzyň döreden şekilli ajaýyp halylary hem görkezilýär. Bu eksponatlara syn edeniňde halkyň öz Prezidentine, esasy kanuna Döwlet baýdagyna bolan söýgüsi, guwanjy, ynamy inçelik bilen duýulýar.

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy. Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, taryh ylymlarynyň kandidaty Süleýman Süleýmanow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Serdar Durdyýew, Türkmenistanyň Arheologiýa we etnografiýa inistitutynyň direktorynyň orunbasary, taryh ylymlarynyň kandidaty Handurdy Kurbanow, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň müdiri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, professor Nurýagdy Suhanow, Türkmenistanyň at gaznan žurnalisti, şahyr Ejegyz Çaryýewa, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň saglygy goraýyş habarlar merkeziniň redaktory Güljan Bekiýewa, «Türkmenistan» gazetiniň bölüm müdiri Akmyrat Hojanyýazow, «Edebiýat we sungat” gazetiniň işgäri, şahyr Süleýman Ilamanow çykyş etdiler. Türkmenistanyň Içeri işler institutynyň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Ulag we aragatnaşyk institutynyň «Ulag başlangyç hünär mekdebiniň» talyplary, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň, Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň işgärleri dabaranyň hormatly myhmanlary boldular.

Dabara gatnaşyjylar her ýylyň 18-nji maýynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gurnalan «Konstitusiýa we türkmen baýdagy – döwletliligiň bitewüligi» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.