Primary tabs
“Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologiki sergi bir ýyla golaý wagt bäri Germaniýa Federatiw Respublikasynda dowam edýär. Sergi ilki Berlin şäheriniň Täze Muzeýinde soňra Gamburg şäheriniň Arheologiýa muzeýinde gurnaldy. Häzirki wagtda bu sergi Mangeýim şäheriniň Reiss-Engelhorn muzeýinde öz myhmanlaryny kabul edip başlady. Serginiň açylyşy 9-njy martda dabaraly ýagdaýda bellenip geçildi. Onuň açylyşyna Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri, habar beriş serişdesiniň wekilleri, şeýle hem nemes alymlary, taryhçylary, arheologlar, korrespondentler hem-de şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Sergide türkmen wekiliýetiniň Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Töre Nobatow çykyş etdi, soňra Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherindäki Gadymy we irki taryh muzeýiniň direktory Mattias Wemhof, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mangeým şäherindäki Raýs-Engelhorm Muzeý toplumynyň baş direktory Alfred Wiçorek, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mangeým şäherindäki Raýs-Engelhorm Muzeý toplumynyň direktory Sýuzanna Wihert söz sözlediler.
Çykyş edenler 4000 ýyl mundan öň Türkmenistanyň gündogar tarapynda gülläp ösen Margiana atly şalygyň gizlin syrlary barada gürrüň edildi. Hazar deňziniň aňyrsyndaky bu döwletiň Mesopatamuýa, Gadymy Müsür ýaly ösen medeni ojak bolandygy barada şaýatlyk edýän arhitekturasy barada, senetçiler tarapyndan dürli çig maldan öndürilen önümler, umuman miladydan öňki III-II müňýyllyklarda ýaşan adamlaryň ýaşaýyş durmuşy barada gyzykly gürrüňler edildi.
Mangeýim muzeýiň direktory “Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly serginiň dowam eden döwründe birnäçe çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýanlygy barada aýtdy.