Primary tabs
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda türkmeniň gadymy taryhyny çuňňur öwrenmeklige giň ýol açyldy, türkmen medeniýeti beýik rowaçlyklara beslenýär. Medeniýet türkmen halkynyň müňýyllyklara barabar taryhynyň bütin dowamynda döwletleri we halklary ýakynlaşdyrýan uly güýç hasaplanylypdyr we oňa çäksiz sarpa goýlupdyr. Ata-babalarymyzyň medeni gymmatlyklara uly sarpa goýmak bilen baglanyşykly ajaýyp däp-dessurlary «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bu däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Gadymy taryhymyzy gaýtadan dikeldip, gorap saklamak we halkymyza ýetirmek, ýaşlarymyzda geçmişde bolup geçen şanly wakalara buýsanmak duýgusyny terbiýelemek meseleleri häzirki döwürde muzeýleriň öňünde hem uly borç hökmünde örboýuna galýar.
Geçmişde türkmen halky özüniň milli däp-dessurlary, şöhratly taryhy bilen beýik halk hökmünde dünýä tanalypdyr. Biziň Watanymyzyň gojaman topragy adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda «Orta asyrlarda binagärçiligiň ösüşi» atly amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň ýörite çeperçilik mekdebiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary hem-de mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahaty Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň medeni aň-bilim işleri bölüminiň müdiri Öwez Rahmanow açdy. Amaly maslahatda şeýle hem Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy Agajan Ataýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Gyzylgül Annageldiýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Nowçagül Annadowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Çemen Garlyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň etnografiýa ylmy-barlag bölüminiň ylmy işgäri Aýgül Abdullaýewa çykyp geplediler.
Maslahata gatnaşan myhmanlar Döwlet muzeýiniň taryhy ekspozisiýasy bilen tanyşdylar, muzeý işgärleriniň gyzykly gürrüňlerini diňlediler.