Halkara türkmen döwlet nebit we gaz uniwersitetinde «Garaşsyz Watanyň milli medeniýeti rowaçlyga beslenýär» atly göçme sergi gurnaldy

 

Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýyly halkymyzyň göwün islegine laýyklykda, «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýip yglan etdi. Gahryman Arkadagymyzyň köňül mährine ýugrulan, halkymyzyň ýürek buýsanjyna öwrülen bu ganatly sözler şu ýylyň baş ýörelgesine öwrüldi. Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan Diýarymyzda ýaşlaryň, aýratyn hem talyplaryň arasynda adamzat ösüşine goşant goşan pederlerimiziň ömür ýoly watansöýüjiligiň beýik nusgasyna öwrüldi. Talyp ýaşlarymyzda ata-babalarymyzdan medeni gymmatlyklarymyza, baý mirasymyza çuňňur söýgini, buýsanjy ösdürmek maksady bilen ýurdumyzyň muzeýleri tarapyndan köp işler geçirilýär. Ýaş nesli watansöýjülik ruhunda terbiýelemekde halkymyzyň baý taryhyny wagyz etmek wajypdyr. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylyna bagyşlanan göçme sergiler yzygiderli gurnalýar.

2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Halkara türkmen döwlet nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanýan gymmatlyklardan «Garaşsyz Watanyň milli medeniýeti rowaçlyga beslenýär» atly göçme sergi gurnaldy.

Bu göçme sergisiniň açylyş dabarasynda Döwlet muzeýiniň tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiri Enejan Altyýewa, Türkmenistanyň etnografiýasy bölüminiň müdiri Enebaý Amanberdiýewa, Halkara türkme döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory Muhammetrahym Öwezow, uniwersitetiň uly mugallymy, Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Rahymberdi Aýmamedow çykyş etdiler.

Dabarada ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz zähmetiniň, taýsyz tagallalarynyň, mähriban Arkadagymyzyň öz halkyna, onuň şöhraty taryhyna bolan beýik söýgüsiniň, halkymyzyň şu güni we geljegi barada düýpli aladalarynyň durýandygy nygtaldy. Milli medeni mirasymyzy öwrenmäge we ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrmaga mümkinçilik döreden Gahryman Arkadagymyza sergä gatnaşyjylar tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar! Uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de talyplary sergini uly gyzyklanma bilen synladylar. Sergi 3-nji marta çenli dowam eder.