Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Bitaraplyk parahatçylykly ösüşdir» atly sergi gurnaldy

 

2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Bitaraplyk parahatçylykly ösüşdir» atly sergi açyldy. Sergä Watanymyzyň tanymal adamlary, muzeý, medeniýet we döredijilik işgärleri, ýokary we ýörite okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Bitaraplyk halkymyzyň agzybirliginiň, baky bagtyýarlygynyň synmaz sütünidir. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk bize ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam edýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan, kuwwatly döwletimiziň, agzybir milletimiziň adyny, şöhrat-mertebesini dünýä ýaýýan gymmatlykdyr.

Parahatçylyk we durnuklylyk, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýän döwletimiziň Bitaraplygyna bu gün dünýä derejesinde uly ähmiýet berilýär. 12-nji dekabryň bütin dünýäde Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden bellenilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny yene-de bir gez beýgeltdi. Çünki biziň ata Watanymyz – eziz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitarap döwletdir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip atlandyrylan 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan hem köp işler alnyp barylýar. Bitaraplygymyzyň şanly ХХIII ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Bitaraplyk parahatçylykly ösüşdir» atly sergi gurnaldy.

Sergide muzeýiň gaznasyndan saýlanyp alnan gymmatlyklar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň döwlet baştutanlary bilen duşuşyklaryna hem-de BMG-niň münberinde çykyş edip duran pursatyna degişli fotosuratlar toplumy ýerleşdirilýär. Döwlet baştutanymyza sowgat berlen ajaýyp zergärçilik eserleri serginiň many-mazmunyny açyp görkezýär. Şonuň ýaly-da, ussat gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalan şekilli halylar, suratkeşlerimiz tarapyndan çekilen surat eserleri, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary, albomlar, žurnallar serginiň täsirliligini has hem artdyrýar. Bir söz bilen aýdylanda, «Bitaraplyk parahatçylykly ösüşdir» atly sergi berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdäki, sebitde we bütin dünýäde asudalygy, parahatçylygy goramakdaky taryhy hyzmatyna aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.         

Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy.

Serginiň açylyş dabarasyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professory Amanguly Magtymow, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutynyň bölüm müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Dowulbaý Melebaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Handurdy Gurbanow, «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowa, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm redaktory Suleýman Ilamanow, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň jogapkär kätibi Döwran Agalyýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň mugallymy Jemile Pürjäýewa, Türkmenistanyň Syýahatçylyk orta hünär mekdebiniň mugallymy Orazdurdy Saparow, «Milli goşun» žurnalynyň bölüm müdiri Aşyrmet Garlyýew, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Oguljan Berdiýewa gatnaşdylar.

Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Bitaraplyk parahatçylykly ösüşdir» atly serginiň çäklerinde şeýle hem «Tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşlige Döwlet muzeýiniň etnografiýa bölüminiň müdiri Enebaý Amanberdiýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi bölüminiň müdiri Annageldi Durdyýew, Döwlet we jemgyýetçilik muzeýleriniň muzeý gymmatlyklaryny saklaýjy merkeziniň işini utgaşdyrmak bölüminiň baş hünärmeni Merdan Abdylow, medeni aň-bilim işleri bölüminiň esasy hünärmeni Ogulşat Dädebaýewa dagy gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda Garaşsyzlyk, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasaty, Bitaraplyk baýramçygymyz, muzeý işleri barada giňişleýin söhbet edildi.

Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýinde gurnalan «Bitaraplyk parahatçylykly ösüşdir» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.