Bitaraplyk parahatçylykly ösüşdir

 

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Türkmenistanyň şanly Bitaraplygynyň ХХIII ýyllygy mynasybetli gurnalan «Bitaraplyk parahatçylykly ösüşdir» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak we sergini synlamak isleýänleriň hemmesini 2018-nji ýylyň 7-nji dekabrynda sagat 15:00-da myhmançylyga çagyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow:

«Bitaraplyk bize ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam edýän, halkymyzyň ynsan-perwerlik, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan, kuwwatly döwletimiziň, agzybir milletimiziň adyny, şöhrat mertebe-sini dünýä ýaýýan gymmatlykdyr».

Bitaraplyk halkymyzyň agzybirliginiň, baky bagtyýarlygynyň synmaz sütünidir. Parahatçylyk we durnuklylyk, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýän döwletimiziň Bitaraplygyna bu gün dünýä derejesinde uly ähmiýet berilýär. Bedew bady bilen öňe ynamly gadam urýan Berkarar Watanmyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler bu gün diňe bir güneşli Diýarymyzyň halkyny däl, eýsem tutuş dünýä ýüzüniň halklaryny haýrana goýýar. Parahatçylygy hyzmatdaşlygyň we ösüşiň girewi hökmünde öňe sürýän Türkmenistan, bu gün dünýäde iň dostana ýurt hökmünde tanalýar.

12-nji dekabryň bütin dünýäde «Halkara Bitaraplyk» güni hökmünde giňden bellenilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny ýene-de birgez beýgeltdi. Çünki biziň ata Watanymyz – eziz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitarap döwletdir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip atlandyrylan 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan hem köp işler alnyp barylýar. Bitaraplygymyzyň şanly ХХIII ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Bitaraplyk parahatçylykly ösüşdir» atly sergi gurnaldy.

Sergide muzeýiň gaznasyndan saýlanyp alnan gymmatlyklar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň döwlet baştutanlary bilen duşuşyklaryna hem-de BMG-niň münberinde çykyş edip duran pursatyna degişli fotosuratlar toplumy ýerleşdirilýär. Döwlet baştutanymyza sowgat berlen ajaýyp zergärçilik eserleri serginiň many-mazmunyny açyp görkezýär. Şonuň ýaly-da, ussat gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalan şekilli halylar, suratkeşlermiz tarapyndan çekilen surat eserleri, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary, albomlar, žurnallar serginiň täsirliligini has hem artdyrýar. Bir söz bilen aýdylanda, «Bitaraplyk parahatçylykly ösüşdir» atly sergi berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdäki, sebitde we bütin dünýäde asudalygy, parahatçylygy goramakdaky taryhy hyzmatyna aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.