Primary tabs
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölümi 2018-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet goraghanalarynyň ylmy işgärleri bilen duşuşyk geçirdi
Bu çäre dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow tarapyndan açyldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet Köpetdag goraghanasynyň bölüm müdiri Aknabat Potaýewa, Türkmenistanyň Döwlet «Bereketli Garagum» goraghanasynyň uly ylmy işgäri Myrat Agabaýew, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň hünärmeni Gülnar Çaryýarowa gatnaşdylar we çykyş etdiler. Olar Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde ýurdumyzda tebigaty goramak, bag ekmek babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler, eziz Watanymyzyň tebigatynyň ajaýyp gözellikleri barada gürrüň berdiler.
Duşuşyga Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.
Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli talyplaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Ýeňiji bolan talyplara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.