Primary tabs
2018-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Garaşsyzlyk ýyllarynyň belent sepgitleri» atly sergi açyldy. Sergä Watanymyzyň tanymal adamlary, muzeý, medeniýet we döredijilik işgärleri, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz halkymyz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramyny ýokary netijeleri gazanmak bilen belleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz Diýarymyzda asyrlara barabar uly işler amala aşyryldy. Döwletimiz ýokary depginler bilen ösüp, öz halkynyň abadan, bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün eden ýurtlaryň hataryna goşuldy.
Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly hem şanly wakalara baý boldy. Lebap welaýatynda Halkara howa menzili, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty açylyp ulanylmaga berildi, «Amul–Hazar 2018» Halkara awtorallisi üstünlikli tamamlandy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistan Watanymyz sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanalýar.
Sergide Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda aýry-aýry pudaklarda gazanan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri barada gürrüň berýän fotosuratlara we maglumatlara esasy orun berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplar, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik, sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden ajaýyp şekilli halylary we haly önümleri, şeýle-de muzeý gymmatlyklary sergide uly orun alýar.
Sergini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory, taryh ylymlarynyň kаndidaty Öwezmuhammet Mämmetnurow gutlag sözi bilen açdy.
Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Gözel Şagulyýewa, B.S.Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölüm müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Öwezdurdy Hümmedow, «Medeniýet» žurnalynyň baş redaktory Ogulgurban Gaşlakowa, «Adalat» gazetiniň uly habarçysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Atanyýaz Hangeldiýew, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Kakabaý Annaçary, «Watan» gazetiniň bölüm müdiri, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Orazdurdy Atahanow, «Türkmenistan» gazetiniň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Akmyrat Hojanyýaz, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň önümçilik tejribesiniň ýolbaşçysy Mähri Hojamädowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň bölüm müdiri Begmuhammet Meredow gatnaşdylar. Dabarada örän gyzykly hem täsirli çykyşlar edilip, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Dabara gatnaşyjylar Döwlet muzeýinde guralan «Garaşsyzlyk ýyllarynyň belent sepgitleri» atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler.