Garaşsyzlyk ýyllarynyň belent sepgitleri

 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli gurnalan «Garaşsyzlyk ýyllarynyň belent sepgitleri» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak we sergini synlamak isleýänleri 2018-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda sagat 10:00-da myhmançylyga çagyrýar.

Berkarar Watanymyzyň baş baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy uly dabara bilen ýurdymyzyň ähli ýerlerinde bellenilip geçilýär. Şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwlet baradaky asyrlar boýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylda hasyl bolup, Garaşsyz Türkmen döwleti emele geldi.

Garaşsyzlyk mähriban halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr.

Merdana halkymyz Garaşsyzlyk baýramyna berkararlygyň we bagtyýarlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy. Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýyly hem şanly wakalara baý boldy. Lebap welaýatynda Halkara howa menzili, Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz porty açylyp ulanylmaga berildi, «Amul – Hazar 2018» Halkara awtorallisi üstünlikli tamamlandy, şeýle-de noýabr aýynda Aşgabatda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň halkara abraýy hem yzygiderli ýokarlanýar. Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülip, emele gelen döwletara meselelerini parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegi teklip edýän döwlet hökmünde giňden tanalýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyz Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramyny ýokary netijeleri gazanmak bilen belleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz Diýarymyzda asyrlara barabar uly işler amala aşyryldy. Garaşsyz döwletimiz depginli ösýär, öz halkynyň abadan, bolelin we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün eden ýurtlaryň hataryna doly goşuldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk ýyllarynyň belent sepgitleri» atly sergi gurnaldy. Onda Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda aýry-aýry pudaklarda gazanan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri barada gürrüň berýän fotosuratlara we maglumatlara esasy orun berilýär. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplar, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän ajaýyp zergärçilik, sungat eserleri, çeper elli halyçylarymyzyň döreden ajaýyp şekilli halylary we haly önümleri şeýle-de muzeý gymmatlyklary uly orun alýar.