Bilimli nesil – kuwwatly Watan

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gurnalan «Bilimli nesil – kuwwatly Watan» atly sergisiniň açylyşyna ony synlamak isleýänleriň hemmesini 2018-nji ýylyň 31-nji awgustynda sagat 15:00-da çagyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

«Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler mugallymçylyk işinde öňdebaryjy dünýä tejribesini, ruhy gymmatlyklary we milli däp-dessurlarymyzy, türkmen halkynyň örän baý taryhy we medeni mirasyny nazara almak bilen amala aşyrylmalydyr».

Türkmenistan bagtyýar çagalygyň hem geljege ynamly garaýan ýaşlygyň ýurdudyr. 1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň senesidir. Bilim – paýhasly pederlerimiziň geljek nesillere galdyran iň gymmatly mirasydyr. Paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze, döwrebap ýokary, orta we orta hünär okuw mekdepleri, çagalar baglary gurlup, ulanmaga berilýär. Okuwçylary okatmakda dünýäniň iň kämil enjamlarynyň kömegi bilen täze usulyýetler ulanylýar. Şolaryň arasynda multimedia tagtasy, okatmagyň interaktiw usullaryny bellemek bolar. Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin mekdeplerde täze okuw dersleri girizilýär, bar bolan dersler döwrebap kämilleşdirilýär. Berkarar döwletimizde türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin ähli şertler döredildi. Gahryman Arkadagymyz bilim ulgamyny, şol sanda ýokary bilimi, orta hünär okuw we umumy orta bilim berýän mekdeplerde özgertmek işini yzygiderli alyp barýar we berk gözegçilikde saklaýar. Täze okuw kitaplary we okuw gollanmalary taýýarlanyldy. 1-nji synplara kabul edilen çagalara okuw kitaplary we esbaplary bilen birlikde, şahsy kompýuterler sowgat berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylymyz taryhy wakalara beslenip, dürli döwlet derejeli çäreler yzygiderli dowam edýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli muzeý gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklarymyzdan «Bilimli nesil – kuwwatly Watan» atly sergi gurnaldy. Sergide milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda zergärlerimiziň ajaýyp sungat eserleri, hormatly Prezidentimiziň bilim baradaky aýdan pähimli sözleriniň ýazgylary, täze okuw kitaplary, tebigat ylymlary bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary, barlaghana enjamlary, şeýle hem ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan, taryhy işleri beýan edýän ýazgylar we XX asyra degişli fotosuratlar görkezilýär.

Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini dünýä ölçeglerine laýyk kämilleşdirmek boýunça geçirilýän netijeli işler üçin ýaşlaryň hormatly Prezidentimize alkyşy çäksizdir.